Türkmenistanda «Gadymy Gündogar filosofiýasy» atly täze okuw kitaby çap edildi. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça çykarylyp, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna niýetlenilendir.
Okuw kitaby Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň mugallymy Alym Salyhow taýýarlady.
Kitapda dünýä filosofiýasynyň iri hem-de özboluşly dünýäsi görnüşinde bolan Gadymy Gündogar filosofiýasy barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Jemgyýetiň durmuşynda Gadymy Gündogar filosofiýasynyň eýeleýän orny we ähmiýeti nygtalýar, onuň ýüze çykyşynyň we ösüşiniň taryhy beýan edilýär. Awtor filosofik taglymatlary seljerip, olaryň mazmunyny, özara baglanyşygyny hem-de wajyp meselelerini açyp görkezýär.
Okuw kitaby ylmy dünýä garaýşyň geljekki hünärmenlerde filosofik medeniýetiň we döredijilik pikirlenşiniň kemala gelmegine gönükdirilendir. Ýokary okuw mekdepleriň talyplaryna, şeýle hem gyzyklanma bildirýän ähli okyjylara niýetlenilen bu neşir «Gadymy Gündogar filosofiýasy» diýen tema boýunça taýýarlanylan ilkinji kitaplaryň biridir.
Täze okuw gollanmasy ýurtda bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň we milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmagyň, şeýle hem şunuň bilen baglylykda ýokary okuw mekdepleriň okuw maksatnamalaryny täzelemegiň, ähmiýetli jemgyýetçilik ylymlaryny, şol sanda filosofiýany okatmagy kämilleşdirmegiň çäklerinde çapdan çykaryldy.