Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde çeperçilik sergisi açyldy. Žiwopis eserlerinde biziň Watanymyzyň häzirki durmuşynyň ösüş depgini, şöhratly milli medeni däp-dessurlar, ajaýyp taryhy ýadygärlikler we häzirki zaman arhitektura toplumlary, türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak gazanany, buýsanjy we şöhraty bolan dünýä belli ahalteke bedewleri beýan edilýär. Suratlaryň köpüsi biziň döwürdeşlerimiziň parahatçylykly we döredijilikli zähmetleri, olaryň berkararlyk we bagtyýarlyk döwründe ýokary maksatlary barada gürrüň berýärler.
Sergini guraýjy hudožnik Merdan Kakabaýewiň belleýşi ýaly, ekspozisiýany “Halypa we şägirt” diýip, atlandyryp bolar. Bu ýerde ykrar edilen žiwopisçileriň we olaryň şägirtleri – Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary we uçurymlary, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň talyplary, Gubadag etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň işleri görkezildi. Olar milli şekillendiriş sungatynyň däp-dessurlaryny dowam etdirmek bilen, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe okgunly ösüşe eýe bolýarlar. Ýaş awtorlaryň durmuşa, tebigata, sungata bolan söýgüleri žiwopis eserleriniň içinden eriş-argaş bolup geçýär.
Öz eserlerinde türkmen paýtagty Aşgabat şäherini, biziň ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny bezeýän häzirki zaman arhitektura gurluşyny beýan edýän Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Nurýagdy Ataýewiň işleri özüniň şahsy döredijilik häsiýeti, aýratyn çeperçilik beýan edilşi bilen tapawutlanýar. Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörüteleşdirilen sungat mekdebiniň talyplary Nowruz Toýlyýewiň we Parahat Ilbaýewiň “Ak şäherim - Aşgabat”, “Syýahatçylar” ýaly žiwopis suratlary bu tema bagyşlanandyr. Ýaş hudožnik Şamuhammet Güýjimowyň “Türkmen toýy” atly eseri milli öwüşgine baýdyr. Kakageldi Taganowyň “Köneürgenç – gündogar bazary” atly suratynda rowaýat we taryhy hakykat aýdyňlyk bilen beýan edilýär. Merdan Kakabaýewiň natýumorty bolsa täsirligi, reňk sazlaşygy we döredijilik göz öňüne getirmeleri bilen özüne çekýär.
Türkmenistanyň çeperçilik akademiýasynyň keramika bölüminiň talyby Leýli Meredowanyň çeper eli bilen döredilen owadan keramiki önümleri – küýzeler, dekoratiw heýkeljikler serginiň üstüni ýetirýär.