Ï 2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy badalga alýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy badalga alýar

view-icon 34
2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy badalga alýar
camera-icon
tff.com.tm

Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň 35-nji möwsümi çärýek final duşuşygy bilen badalga alýar.

Şu ýyl ýurdumyzyň topar derejesindäki ikinji iň möhüm baýragy ugrunda Ýokary liganyň 8 topary bäsleşer. Olaryň üçüsi paýtagtymyza wekilçilik edýän «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag» toparlarydyr. Balkan welaýatyndan Balkanabadyň «Nebitçi» we Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparlary, Mary welaýatyndan «Merw», Ahal welaýatyndan «Ahal», şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistanyň çempiony we Kubogynyň eýesi bolan döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň adybir «Arkadag» topary ýaryşa gatnaşýar.

Ilkinji bolup Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» bilen «Köpetdag» toparlary meýdança çykar.

Galan üç duşuşyk Aşgabat şäherinde geçiriler. Büzmeýin etrabyndaky stadionda paýtagt derejesindäki ýaryşlarda «Altyn asyr» bilen «Aşgabat» toparlary duşuşar.

Türkmenistanyň häzirki çempiony we Kubogynyň eýesi «Arkadag» topary «Nusaý» stadionynda Mary welaýatynyň «Merw» topary bilen duşuşar. Köpugurly «Aşgabat» stadionynda bolsa «Ahal» topary bilen «Nebitçi» topary özara güýç synanyşar.

Çärýek finalyň jogap duşuşyklary 24-nji iýunda geçiriler.

Geçen ýyl «Arkadag» futbol topary final tapgyrynda ýurdumyzyň wise-çempiony we AFK-nyň Çempionlar ligasynyň iki gezek gatnaşyjysy bolan «Ahal» toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň Kubogyny üçünji gezek gazanypdy.