Ï Bilermenler we žurnalistler köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunyň aspektlerine garadylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilermenler we žurnalistler köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunyň aspektlerine garadylar

view-icon 1652
Paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanuny kämilleşdirmek” taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldamagynda ÝHHG Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga ýurduň Milli parlamentiniň, DIM, Adalat ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary milli institutynyň, beýleki birnäçe edaralaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň onlarça wekilleri gatnaşdy.

Bu çärä halkara bilermenleri – Daýnýus Radzýawiçýus (Litwa Respublikasy) we Dmitriý Golowanow (Russiýa Federasiýasy) çagyryldy. Bilermenler bu ýere ýygnanlary Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini hukuk we kanuny taýdan dolandyrmak ulgamynyň halkara standartlaryny iş ýüzünde mysallar arkaly tanyşdyrdylar. Tematiki tanyşdyrylyşyň dowamynda häzirki zaman redaksiýalarynyň esasy işleýiş usullary, esasy ugurlary, žurnalistleriň hünär kämilliginiň meseleleri we aýratynlyklary, maglumatlara girmegiň hukuk taýdan sazlaşdyrylmagy we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek ýaly meselelere garaldy. Şeýle hem žurnalistleriň işlerinde Internet torunyň tehnologiki mümkinçiliklerini peýdalanmak ýaly meseleler barada gürrüň edildi.

Ertir, tegelek stoluň işiniň ikinji gününde dürli wakalary, internet-KHBS-de hem, beýan etmekde žurnalistleriň işleriniň, hukuklarynyň we borçlarynyň esasy nukdaýnazaryny ara alyp maslahatlaşmak bellendi.