Ï Iňlis dili hepdeligi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Iňlis dili hepdeligi geçirildi

view-icon 17697
Iňlis dili hepdeligi geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dünýä dilleri kafedrasynyň tarapyndan fewral aýynyň 21-28 aralygynda gurnalan Iňlis dili hepdeliginiň jemi jemlenildi.

Hepdelik institutyň talyplarynyň taýýarlan «Dili öwrenilýän ýurt bilen tanyşlyk» temasyndan özboluşly sergi bilen açyldy, ol institutyň baş binasynda ýaýbaňlandyryldy. Çärä ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar, umumy bilim berýän edaralar bilen gatnaşyklary ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, duşuşyga paýtagtymyzdäki 65 we 68-nji orta mekdepleriniň mugallymlary hem-de okuwçylary çagyryldy.

Şol gün talyplar «Türkmenistanyň dili öwrenilýän ýurt bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklary», «Beýik Britaniýanyň bilimi we ýokary okuw mekdepleri», «Dili öwrenilýän ýurduň gözel ýerleri» temalaryndan çykyş etdiler. Talyplaryň iňlis dilinde okan goşgulary, aýdan aýdymlary, şeýle hem nusgawy iňlis ýazyjylarynyň eserlerinden ýerine ýetiren monologlary çärä aýratyn öwüşgün çaýdy. Hepdeligiň çäklerinde Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyplary üçin guralan açyk sapakda dünýäniň esasy hem-de BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan iňlis dilini öwrenmegiň wajyplygy nygtaldy. Talyplar, öz gezeginde, «Iňlis diliniň döremeginiň taryhy», «Diplomatiýada iňlis diliniň ähmiýeti», «Beýik Britaniýa: dili öwrenilýän ýurduň şiweleri», «Şazenany Ýelizaweta II» temalaryndan tanyşdyryşlar bilen çykyş etdiler. Sapakda talyplar iňlis dilinde labyzly goşgy okadylar.

Diplomatiýa ýokary mekdebinde «Let’s Speak Up!» («Geliň, gürläliň!») gepleýiş klubunyň açylmagy Hepdeligiň aýratyn şanly wakasy boldy. Diňe bir talyplaryň gepleýiş başarnygyny ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek däl, eýsem iňlis dilinde düşünjelerini has-da artdyrmak merkeziň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Talyplar tanyşlyga dogry başlamak we gepleşmek barada pikirlerini höwesli beýan etdiler, bu ugurdan öz tejribeleri barada işjeň gürrüň berdiler.

Hepdelikde dürli bäsleşikler geçirildi. Olaryň biri dünýýä dilleri kafedrasynyň Malaýziýanyň tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (MTHM) çäklerinde Okuw maksatnamasyny üstünlikli geçen mugallymlarynyň tejribesiniň esasynda guraldy. Iňlis dili boýunça bäsleşige fakultetleriň dördüsinden talyplar toparlarynyň dördüsi gatnaşyp, olar iňlis dilini ýokary derejede bilýändiklerini görkezdiler.

Çäräniň çäklerinde Hepdeligiň işine işjeň gatnaşyp, dil bäsleşiklerinde has gowy netije görkezen talyplara sylaglar gowşuryldy.

Çäräniň guramaçylarynyň bellemegine görä, talyplarda daşary ýurt dillerini öwrenmäge höwesi artdyrmak, olaryň umumy düşünjesini, medeni derejejesini, şeýle hem düşünje we döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmak netijeli geçen ders hepdeliginiň esasy maksatlarydy.