«Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat komiteti bilen bilelikde «Adyň ýüreklerde aýdym, Aşgabat!» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.
Bäsleşik her ýyl 25-nji maýda bellenýän Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanýar.
Onuň maksady türkmen paýtagtynyň ajaýyp binagärligini görkezmek, şäherde ilatyň abadan ýaşamagy üçin döredilýän şertler we onuň ekologik taýdan abadanlaşdyrylmagynyň aýratynlyklary barada gürrüň bermekdir.
Ýurduň döredijilik bilen meşgullanýan islendik raýaty bäsleşige gatnaşyp biler. Dalaşgärler Aşgabadyň gözelligini açyp görkezýän makalalary, goşgulary ýa-da suratlary taýýarlap, 20-nji maýa çenli “Aşgabat” gazetiniň redaksiýasyna ibermelidir.
Iberilen işler ozal köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde neşir edilmedik bolmaly.
Ygtyýarly emin arzalary iň gowy işleri saýlar, soňra olar “Aşgabat” gazetinde çap ediler. Ýeňijileriň atlary şäher gününiň baýram edilmeginiň çäginde yglan ediler.
Has giňişleýin maglumat üçin şu belgilere ýüz tutup bilersiňiz: 39-96-24, 39-96-34.