26.03.2024
6694
Ekologlar arça, pisse we badam nahallaryny ekdiler
Şu ýylyň ýazynda bag ekmek möwsüminiň başlanmagy bilen tutuş ýurdumyzda medeni we tebigy zolaklarda bagçylyk tokaý döretmek işleri alnyp barylýar, ýurduň goraghanalarynda, nahalhanalarynda, synag-tejribe meýdançalarynda ekologlaryň köpeldýän Gyzyl kitaba girizilen, seýrek, dermanlyk we ösümlik dünýäsiniň özboluşly görnüşlerini ekmek işleri güýçlendirildi.
26.03.2024
9144
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty «Nazary mehanika» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşjaklary saýlap alýar
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Nazary mehanika» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirer. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Energetika ministrliginiň goldamagynda ýokary okuw mekdebi tarapyndan guralýar.
26.03.2024
11186
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli täze kitaplar neşir edildi
Hünärmenleriň, şeýle hem Gündogaryň akyldary, türkmen halkynyň görnükli şahyrynyň döredijiliginiň muşdaklaryny özüne çekjek birnäçe täze kitap nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan köp sanly neşirleriň üstüni ýetirdi.
26.03.2024
5309
Daşoguz welaýaty pile möwsümine taýýarlyk görüldi
Daşoguz welaýatynyň daýhanlary ýetip gelýän pile ýygnamak möwsümine taýýarlyk görýärler.
26.03.2024
74935
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew medeniýeti barada kitaby üç dilde neşir edildi
Ministrler Kabinetiniň golaýda geçirilen mejlisinde Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň üç dilde: türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir eden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby bilen tanyşdyryldy.
26.03.2024
5516
Günbatar sebitdäki «Giňdere» kärhanasynyň önümlerine içerki, daşarky sarp edijileriň islegleri barha artýar
Berkarar döwletimizde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde gazanylan guwandyryjy ösüşlere, ýetilen belent sepgitlere Diýarymyzyň sebitleriniň hususy işewürleri hem saldamly goşant goşýarlar.
26.03.2024
6388
«TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň Marydaky ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşigi başlandy
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy «Akylly hyzmat» hojalyk jemgyýetiniň okuw merkezi bilen bilelikde «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň Marydaky ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň yglan edýär.
25.03.2024
5434
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
25.03.2024
23050
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylara
Sizi Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
25.03.2024
5401
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Şahabuddine hem-de ýurduň Premýer-ministri hanym Şeýh Hasina Bangladeş Halk Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.