Ï «Kökçiniň» eksport ugry barha artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Kökçiniň» eksport ugry barha artýar

view-icon 2107
«Kökçiniň» eksport ugry barha artýar

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda aýratyn orna eýe bolýan telekeçilik ulgamynyň öňden hereket edip gelýän iri kärhanalar bilen ysnyşykly işlemekligi bolsa, halk hojalygy üçin zerur bolan ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. 2016-njy ýylda esaslandyrylan, Türkmenabat şäherindäki himiýa kärhanasy bilen işlerini sazlaşykly işleýän, ýurdumyzda ilkinji bolup awtoulaglar üçin akkumulýator batareýalaryny öndürmekligi ýola goýan kärhanalaryň biri hem «Kökçi» hojalyk jemgyýetidir. 

Bölümleri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hereket edýän bu hojalyk jemgyýetinde ulag serişdeleri üçin zerur bolan akkumulýator batareýalarynyň ýük we ýeňil awtoulaglar üçin «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» hil nyşanly 60, 65, 75, 90, 100 hem-de 190 watt kuwwaty bolan görnüşleri öndürilip, alyjylara hödürlenýär. Önümçilik gerimi barha giňeýän kärhanada 2023-nji ýylyň dowamynda dürli kuwwatlykly akkumulýator batareýalarynyň 76 müň 680-den gowragynyň öndürilmegi kärhananyň önümçilik kuwwatynyň ýokarydygyna, işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. 

Öndürilen ýokary hilli önümiň 24 müň 784 sanysynyň dürli döwletlere eksport edilmegi bolsa, kärhananyň önümlerine daşary ýurtlarda hem islegiň barha artýandygynyň subutnamasydyr. Kärhananyň 2024-nji ýylyň başky iki aýynyň dowamyndaky öndürijiliginiň ýokarydygyny hem bellemek bolar. Hojalyk jemgyýetinde ýylyň başyndan bäri eýýäm 15 müň 810 sany dürli görnüşli akkumulýator batareýasy öndürilipdir we onuň 6 müň 400 sanysy eksporta ugradylypdyr. 

Geçen ýylyň dowamynda hojalyk jemgyýetiniň bir günde öndürýän akkumulýator batareýalarynyň ortaça sany 210-dan geçen bolsa, şu ýylyň başky iki aýynda bu görkeziji 263-den agypdyr. «Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň häzirki wagtda Azerbaýjan, Ermenistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Owganystan ýaly döwletlere ugradylmagy kärhananyň eksport ugrunyň barha artýandygyny görkezýär. Hojalyk jemgyýetiniň Türkiýäniň we Ýaponiýanyň kämil enjamlary oturdylan bölümlerinde çig mal hökmünde ulanyşdan galan akkumulýatorlaryň gurşunlary, şeýle hem himiýa kärhanasynyň käbir önümleri peýdalanylýar. 

Geçen ýylda hojalyk jemgyýetinde Hindistandan we Hytaýdan getirilen häzirki zaman enjamlarynyň oturdylmagy we işe girizilmegi önümçiligiň möçberiniň ep-esli artmagyna ýardam etdi. «Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň ýurdumyzda geçirilýän önümçilik sergilerine yzygiderli gatnaşmaklygy dürli döwletleriň önüm öndürijileri we sarp edijileri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, diýmek, önümleriň eksport ugruny has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär.