Ï Pyragynyň wasp eden ýurdunda bahar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pyragynyň wasp eden ýurdunda bahar

view-icon 3530
Pyragynyň wasp eden ýurdunda bahar
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen suratkeşleriniň 12-siniň eserleriniň sergisi açyldy.

Serginiň guramaçylary sergini «Pyragynyň wasp eden ýurdunda bahar» diýip atlandyrdylar. Sergide jemi 120 surat, heýkeller we keramiki işler goýuldy.

Eserleriň aglabasy Daşkent döwlet teatr we sungat institutyny, häzirki wagtda bolsa Özbegistanyň K.Begzada adyndaky döwlet çeperçilik akademiýasyny tamamlanlaryň işleri boldy.


Sergi zalynyň merkezinde sergä gelenleri Rahman Umarowyň döredijiligine degişli Magtymguly Pyragynyň portreti garşy aldy. Şu ýyl Aşgabatda geçirilen ençeme sergi Magtymguly Pyragynyň şu portreti bilen açyldy we ol uly üstünlige eýe boldy.

Onuň golaýynda bolsa Magtymguly Pyragynyň başlangyç bilimini alan ýeri bolan «Idris baba medresesi» atly surat ýerleşdirilipdir. Onuň gabat garşysynda bolsa Magtymguly Pyragynyň Hywada okuwyny dowam etdiren ýeri bolan «Şirgazy medresesi» atly surat sergä baranlaryň ünsüni özüne çekýär. Emma suratlaryň köpüsi şahyryň goşgularyna esaslanyp döredilipdir. Şahyryň ýekeje setiri ýa-da goşgularynyň bir bendi suratkeşleri täze bir eseri döretmäge ruhlandyrypdyr.



Pyragynyň şygyrlary bilen wasp edilen ýurdumyzda joş urýan bahar paslynyň gözelligi her bir eserde tebigatyň ajaýyp görnüşi, juwan gyzlar, ýaş ýigitler, asuda, bagtly durmuş bilen beýan edilipdir.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýewiň belleýşi ýaly, türkmen akademiýasyny we özbek akademiýasyny tamamlanlaryň işinde aýratyn tapawut ýok. Galyberse-de, suratkeş üçin esasy mugallym durmuş, dogduk topragynyň tebigaty we töweregindäki adamlardyr.

Sergi türkmen suratkeşleriniň ulanýan täze görnüşleri bilen gelenleri begendirýär. Bu, realizm bilen birlikde Mämmet Ýarmämmedowyň işlerinde görkezilen etnomodernizm we eýýäm tomaşaçylar tarapyndan halanýan fotorealizmdir.

Umarowlar bu sergide aýratyn tapawutlandy. Dilber Umarowanyň keramiki heýkeljikleriniň sergisi ýekeje tomaşaçyny-da biperwaý goýmady.