Türkmen halkynyň milli mirasynda aýratyn orun tutýan keşdeçilik sungaty ene-mamalarymyzyň nesillere galdyran ajaýyp peşgeşidir. Zenan kalbynyň yhlasynyň söýgä sapylan keşbi bolan bu sungaty döredýän çeper eller keremi türkmen milletiniň tutuş bir gözellik dünýäsini emele gertirýär. Keşdeçilik sungaty öz köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýar. Oňa Türkmenistanyň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan mezolit döwrüne degişli tapyndylar güwä geçýär. Onuň ýyllar boýy kämilleşdirilip, nesilden nesle geçirilip gelinmegi bilen bu sungat halkymyzyň hiç bir milletiňkä meňzemeýän özboluşly ajaýyp görnüşine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy ýaş zenanlaryň döredijilikli işleriniň, çeper el hünäriniň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir» diýen ajaýyp jümlesi çeper elli gelin-gyzlarymyzyň bu ajaýyp sungatyna berlen beýik bahadyr. Türkmen halkynyň keşdeçilik sungaty ýaş nesilleri milli däp-dessurlarymyz, watançylyk, asyrlaryň dowamynda kemala gelen ýokary ahlak gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemekde aýratyn uly ähmiýete eýedir.

Şu ýörelgeden ugur alyp, şeýle hem keşdeçilik sungatyny wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan çeper elli, edepli, maşgala ojagynyň abraý-mertebesini belende göterýän zenanlaryň arasynda «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» ady bilen bäsleşik yglan edildi. Bu bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň Gündogar sebitinde onuň etrap we şäher tapgyrynda ýeňiji bolan zenanlaryň gatnaşmaklarynda welaýat bäsleşigi geçirildi.

Türkmenabat şäheriniň döwrebap Medeniýet öýünde geçirilen bu bäsleşigiň gözellik baýramyna öwrülendigini, onuň milli mirasymyz bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nurana dünýäsiniň ajaýyp sazlaşygyny emele getirendigini buýsanç bilen belläp geçmek bolar.

Bäsleşigiň 1-nji şertine laýyklykda oňa gatnaşýan çeper elli zenanlar özleriniň keşdeçilik sungatynyň ösmekligine goşýan goşantlary, keşde çekmeklik üçin zerur bolan enjamlary keşdäniň mazmunyna laýyk saýlamak ýaly görnüşler boýunça bäsleşdiler. Bu çuňňur mazmunly bäsleşigiň 2-nji şertine laýyklykda keşdeçilik sungatynyň talabyna laýyklykda keşde çekmek we ony şol bir wagtyň özünde wasp etmek boýunça öz ezberligini görkezdiler.

Bäsleşigiň 3-nji şerti boýunça hem oňa gatnaşyjy çeper elli zenanlar «Elimden çykan egnime ýaraşar» diýlen ýörelgeden ugur alyp, öz ýerine ýetiren el işlerini geýnip, onuň waspyny çeper sözleriň, goşgy setirleriniň, rowaýatlaryň we gazallaryň üsti bilen wasp etdiler. Bäsleşige gatnaşýan gelin-gyzlaryň ussatlyk derejesiniň ýokary bolmaklygy, olaryň bu gözellik çäresine taýýarlykly we uly hyjuw bilen gelendiklerini görkezdi. Bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenilende millilige, oňa gatnaşyjylaryň özlerini alyp baryşlaryna, çeperçiligine, şeýle hem täzeçilligine üns berildi. Netijede, Darganata etrabyndan gelen çeper elli zenanlar «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň Lebap welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Bäsleşikde 2-nji orna Çärjew we Dänew etraplaryndan, 3-nji orna hem Türkmenabat şäherinden hem-de Saýat we Farap etraplaryndan gelen zenanlar mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolan zenanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşylarynyň Lebap welaýat birleşmesi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.