Ï Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli täze kitaplar neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli täze kitaplar neşir edildi

view-icon 4683
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli täze kitaplar neşir edildi

Hünärmenleriň, şeýle hem Gündogaryň akyldary, türkmen halkynyň görnükli şahyrynyň döredijiliginiň muşdaklaryny özüne çekjek birnäçe täze kitap nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan köp sanly neşirleriň üstüni ýetirdi.

«Beýik Magtymguly we türkmen durmuşy» atly makalalar ýygyndysynda şahyryň ýaşan we döreden taryhy döwrüne häsiýetnama berilýär, onuň paýhasly şygryýetiniň we ynsanperwer garaýyşlarynyň türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklaryna hem ruhy dünýäsine täsiri açylyp görkezilýär.

«Magtymguly – ylham çeşmesi» atly başga bir ýygyndyda Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň köptaraply döredijilik mirasyny giňişleýin öwrenmek bilen baglanyşykly ylmy makalalar jemlenipdir. Bu makalalary nusgawy türkmen şahyrynyň şygryýetiniň ählumumy adamzat gymmatlygy, onuň ynsanperwer pelsepesi we çeper kämilligi baradaky esasy pikir birleşdirýär.

Gurbandurdy Geldiýewiň «Magtymgulynyň döredijiliginde ýer-ýurt atlary we olaryň poetikasy» atly monografiýasy Magtymguly Pyragynyň eserlerinde duş gelýän geografik atlaryň manysyny düşündirmäge we olaryň çeperçilik gymmatlyklarynyň poetika arkaly açylyşyna bagyşlanýar.

Tanymal alym Ahmet Mämmedowyň «Magtymguly türki halklaryň edebiýatynda» atly kitabynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we şygryýetiniň türki halklarynyň medeniýetine ýetiren täsiri barada geçiren köpýyllyk gözlegleriniň netijeleri jemlenipdir. Onda türki dilli alymlaryň we ýazyjylaryň türkmen nusgawy şahyrynyň öçmejek eserlerini öwrenişleri, Magtymguly Pyragynyň goşgy ýygyndylarynyň türki dillerdäki dürli neşirleri barada maglumatlar berlipdir.