Ï Hoşgeldi Şahberdiýew: suratkeş we özboluşly şahsyýet
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hoşgeldi Şahberdiýew: suratkeş we özboluşly şahsyýet

view-icon 190
Hoşgeldi Şahberdiýew: suratkeş we özboluşly şahsyýet
camera-icon
Surat – maşgala arhiwinden

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeş Hoşgeldi Şahberdiýewiň nakgaşlyk we grafika eserlerinden ybarat şahsy sergisi ýaýbaňlandyryldy. Hoşgeldi Şahberdiýewi tanaýan köp sanly suratkeşler ony iň ökde ussatlaryň biri hasaplaýardylar. Ýeri gelende bellesek, Hoşgeldi Şahberdiýewiň grafika eserleriniň birini Tretýakow galereýasy hem satyn alypdyr.

Hoşgeldi barada gürrüň edilende, ilki bilen onuň zehinli nesilden gelip çykandygyny bellemek gerek. Munuň üçin meşhur türkmen aýdymçysy Medeniýet Şahberdiýewany ýatlamak ýeterlikdir. Ol A.A. Alýabýewiň «Bilbil» romansyny deňi-taýy bolmadyk ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymçy hökmünde sowet we türkmen wokal sungatynyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Medeniýet Şahberdiýewa Hoşgeldi Şahberdiýewiň doganoglan jigisi.

Hoşgeldi Şahberdiýewiň kakasy Hally Şahberdiýew bolsa türkmen edebiýatynyň we teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, «Baý we batrak» pýesasynyň awtory hem-de «Sowet edebiýaty» edebi žurnalynyň baş redaktorydy. Ýazbibi Ahmedowa daýzasy bolsa tematiki halylary döretmek bilen meşhurlyk gazandy. Suratkeş Aýhan Hajyýew onuň portretini çekdi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Ata Atajanow bolsa oňa «Bibi gyzyň halysy» atly poemasyny bagyşlady.

– Ejemiň gürrüň bermegine görä, – diýip, Hoşgeldiň ýegeni Çeper Durdyýewa ýatlamalaryny paýlaşýar – ol çagalygyndan depderçesini we galamyny ýanyndan aýyrmazdy. Gözüne ilen zatlaryň hemmesini kagyza geçirerdi. Emma iň esasy zat, onuň aýratyn bir zehini bardy: ol adam bilen söhbetdeş bolanda, şol adamyň özünde-de duýmaýan köp sanly gowy häsiýetlerini ýüze çykaryp bilýärdi. Şonuň üçin Hoşgeldi bilen söhbetdeşlik adamlara ganat berýärdi, olaryň şahsyýet hökmünde belende galmagyna ýardam edýärdi. Hut şu aýratynlygy hem adamlary özüne çekýärdi.

Moskwada üç ýyl bilim alandan soň, ýüregi bilen bagly kynçylyklar sebäpli suratkeş okuwyny dowam etdirip bilmedi. Şol döwürde ony görmek üçin Baýramala köp sanly meşhur adamlar gelýärdi. Hoşgeldi aradan çykandan soň bolsa, onuň mazaryna aktýor Wladimir Konkin zyýarat etdi.

Hoşgeldini tanaýanlaryň ählisi ony örän gowy görýärdi.

– Men Hoşgeldi bilen Aşgabat şäheriniň çeperçilik mekdebinde bir toparda okadym – diýip, Türkmenistanyň halk suratkeşi Möjek Çaryýew ýatlaýar. – Mugallymyň bize küýzäniň suratyny çekmek barada ýumuş berendigi ýadymda. Ähli talyplar öwredilişi ýaly, küýzäni adaty görnüşde şekillendirýärdiler. Diňe Şahberdiýew ony nämedir bir sebäp bilen gyşyk görnüşde çekipdi. Biz çeken suratlarymyz üçin dörtlük alypdyk, ol bolsa bäşlik aldy.

Mekdebi tamamlandan soň, ikimiz hem Bütinsoýuz döwlet kinematografiýa institutyna (WGIK) okuwa girmegi arzuw edýärdik. Onuň şol üýtgeşik, gyşyk suratlary bilen hem ony derrew okuwa kabul etdiler, men bolsa diňe bir ýyl okuwa girip bildim.

Moskwanyň gyşy günorta respublikalardan gelen talyplar üçin hakyky synagdy. Men öz «plastik» (sintetiki) paltomyň içinde doňup galypdym. Şonda Hoşgeldi maňa içmek sowgat berdi. Ol hem sintetiki matadan tikilendi, ýöne näme üçindir, örän ýylydy. Ony kursdaşlarymyzyň ählisi gowy görýärdi.

Ol nähilidir bir ýol bilen adamlary özüne çekmegi başarýardy. Emma iň geň galdyryjy zat, onuň adatdan daşary duýgurlyk ukybynyň bolmagydy.

Bir gezek ol maňa öz çeken iki sany suratyny sowgat berdi. Olaryň birinde çyzyk görnüşinde haýat şekillendirilipdi. Ýöne bu çyzyk nähilidir bir janly ýaly görünýärdi we oňa hiç hili goşmaça zat gerek däldi. Men şol suratlary onuň aýratyn awtorlyk işleri hökmünde häzire çenli aýawly saklaýaryn.

– Hoşgeldi Şahberdiýew adatdan daşary adamdy – diýip, Türkmenistanyň halk suratkeşi Baba Owganow söze goşulýar. – Öňki döwürlerde onuň ýaly adamlar, belki-de, derwüşler, dünýäden üzňe ýaşaýan ýekeler, başgaça aýdanyňda, keramatly kişiler bolupdyrlar. Ol biziň hatda düýşümize-de girmejek zatlary başaryp bilýärdi.

Mysal üçin, Bütinsoýuz döwlet kinematografiýa institutynda nakgaşlyk sungatynyň görnükli ussady Dmitriý Žilinskiý sapak berýärdi. Mugallym şeýle bir talapkärdi welin, biz, talyplar, oňa artykmaç seretmäge-de çekinýärdik. Hoşgeldi bolsa onuň bilen dostlarça gatnaşyk saklaýardy. Muny nädip başarýandygyna düşünmek kyndy. Emma ol Moskwanyň sungat işgärleriniň dar we saýlanan toparyna girmegi başarypdy. Ol nirede bolsa-da, ony şatlyk bilen garşylaýardylar.

Onuň garyndaşlarynyň Hoşgeldi Şahberdiýewiň 2500-e golaý eserini Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine tabşyrandyklaryny eşidip, köpler haýran galdylar. Şeýle köp eseri 40 ýylyň dowamynda nädip döretmek mümkin? Emma Hoşgeldi Şahberdiýewiň kimdigini ýatdan çykarmaly däl. Ol islän zadyny başarýardy.

Moskwada köp sanly dostlaryny we muşdaklaryny galdyran Hoşgeldi Watanyna – dostlarynyň ýanyna dolanyp geldi. Ol ýazyjy Tokar Tugurow, şahyr Gurbannazar Ezizow, režissýorlar Narlyýewler we Türkmenistanyň halk ýazyjysy Italmaz Nuryýew bilen ýakyn gatnaşykda boldy. Olaryň ählisi bu özboluşly adam bilen söhbetdeş bolmaga, onuň bilen wagt geçirmäge şatdylar.