26.04.2026
3008
«Ýaş inžener – 2026» atly bäsleşik geçirildi
Paýtagtymyzda ýaşlaryň arasynda «Ýaş inžener – 2026» atly bäsleşik geçirildi.
26.04.2026
3564
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda «Ahal» we «Altyn asyr» toparlary deňme-deň oýnadylar
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň esasy duşuşyklarynyň biri «Ahal» bilen «Altyn asyr» toparlarynyň arasynda geçirildi.
26.04.2026
4314
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederlerimiziň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewlerimiziň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
26.04.2026
3522
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi merdana ata-babalarymyzyň jöwher zehininden kemal tapyp, halk seçgisi esasynda ýetişdirilýän şöhratly bedewlerimiziň şanyna döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlaryňyzyň, halkymyzyň milli gymmatlygyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny has-da dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
25.04.2026
4577
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
25.04.2026
2571
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
25.04.2026
12762
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda bellenip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ady almak ugrunda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijisini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabat atçylyk sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginde birinji orny eýeläp, “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ady alan ahalteke atynyň eýesini ak reňkli “Toyota Fortuner” kysymly ýeňil awtoulag bilen sylaglamak bellenildi.
25.04.2026
2838
«Atdyr ýigidiň myrady» atly sahna oýny görkezildi
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary täze sahnalaşdyrylan spektakllaryň ilkinji görkezilişiniň üçgünlüginiň çäginde ahalteke bedewine bagyşlanan täze sahna oýnuny görkezdi.
25.04.2026
2873
Hormatly Prezidentimiz maý aýynda geçiriljek dabaraly çäreleriň maksatlaryny kesgitledi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
25.04.2026
5046
Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy giňden belleniler
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreleriň maksatnamasyna garady.