Ï Türkmenistanyň DIM-nde Finlandiýa Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde Finlandiýa Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 117

2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Finlandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Helsinki ş.) täze bellenen Ilçisi Maria Agre bilen duşuşdy. Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Türkmen tarapy diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, onuň Türkmenistanyň hem-de Finlandiýa Respublikasynyň gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitarapalaýyn hyzmatdaşlygy, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara hereketleriň giňeltmek boýunça özara gyzyklanma barada bellenildi.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.

Ilçi Agre öz gezeginde Türkmenistanyň hem-de Finlandiýa Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek ugrunda tagallalaryny dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdi.