Ï Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

view-icon 101
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maria Agreden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Stubbuň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, abadançylygyň bähbidine deňhukukly halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berýär. Şeýle-de diplomata Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerindäki türkmen-fin gatnaşyklarynyň dürli ugurlary barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda öz tarapyndan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Gadyrly dostum!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men hanym Maria Agreni Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan wezipäni Siziň makullamagyňyza hem-de hormatyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, aýratyn-da, Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Aleksandr STUBB,
Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti.