Ï Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky akademiki we ýaşlar hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky akademiki we ýaşlar hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

view-icon 113
Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky akademiki we ýaşlar hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D. Seitmammedow Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministri G. Mikanadze bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň ylmy-bilim edaralarynyň arasyndaky uzak möhletleýin özara gatnaşyklar üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýän şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň häzirki meselelerine aýratyn üns berildi.

Gepleşige gatnaşyjylar akademiki ykjamlylygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalşygyny giňeltmegiň, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň we ýokary hünärli kadrlar taýýarlamak ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmagyň ähmiýetini nygtap geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ylmy hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildiryändiklerini tassykladylar we ylmy-bilim ulgamynda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen täze başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.