23.05.2026
2798
Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramyny giňden bellemäge taýýarlyk görülýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde öňde duran Türkmen halysynyň baýramyna görülýän taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Meýilleşdirilen dabaralar barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi.
23.05.2026
1950
Türkmenistanda galla oragyna badalga beriljek seneler kesgitlendi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň sebitlerinde agrosenagat toplumyny ösdürmegiň meseleleri we möwsümleýin meýdan işleriniň barşy gözden geçirildi. Bu ugurdaky işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hasabat berdi.
23.05.2026
3595
«Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergisi öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasiýalar bilen tanyşmaga çagyrýar
Şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlajakdygyny habar berýäris.
23.05.2026
1692
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşyjylary hasaba almak işi üstünlikli tamamlandy
Şu gün Aşgabat şäheriniň «Olimpiýa» myhmanhanasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň açylyşynyň öňüsyrasyndaky esasy taýýarlyk tapgyry bolan gatnaşyjylary resmi taýdan öňünden hasaba almak işi üstünlikli geçirildi.
23.05.2026
3949
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni hökmünde giňden bellenilmegi diňe bir paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin däl, eýsem, bütin halkymyz üçin buýsandyryjy wakadyr. Bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini we maslahaty geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösen şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Aşgabadyň ähli ulgamlarda ýeten belent sepgitlerini giň halkara jemgyýetçilige ýaýmaga gönükdirilen halkara serginiň we maslahatyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edýärin.
23.05.2026
1475
«CAI Interbudmontazh» kompaniýasy – «Ak şäherim Aşgabat» forumynyň altyn hemaýatkäri
Halkara inženerçilik kompaniýasy «CAI Interbudmontazh» «Ak şäherim Aşgabat» (WCA 2026) atly XXV köpugurly halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkäri derejesinde gatnaşjakdygyny tassyklady. Forum 2026-njy ýylyň 24 – 25-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçiriler.
23.05.2026
3572
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden belleniler
3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda birnäçe sport çäreleri geçiriler.
23.05.2026
1522
Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak ugrunda ädimlerini işjeňleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi hem-de birnäçe täze teklipleri hödürledi.
23.05.2026
1844
Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda täze umumybilim berýän mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde paýtagtymyzyň durmuş infrastrukturasyny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi.
23.05.2026
1405
Türkmenistanda 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmäge badalga berildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri hökmünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowyň Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabaty diňlenildi.