Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň sebitlerinde agrosenagat toplumyny ösdürmegiň meseleleri we möwsümleýin meýdan işleriniň barşy gözden geçirildi. Bu ugurdaky işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hasabat berdi.
Wise-premýer öňde duran galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyza welaýatlarda ugurdaş ylmy-amaly maslahatlary geçirmegiň senelerini kesgitläp bermek, şeýle hem hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda oraga badalga bermäge ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini kanagatlanma bilen belledi.
Döwlet Baştutanymyz sebitler üçin anyk möhletleri kesgitläp, galla oragy möwsümine badalga bermäge ak pata berdi. Resminama laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda orak möwsümine 3-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda badalga berler. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly ýaşululardan galla oragyna «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi we edermen gallaçylara işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.