Ï Türkmenistanda 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmäge badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmäge badalga berildi

view-icon 18
Türkmenistanda 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmäge badalga berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri hökmünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowyň Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabaty diňlenildi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasyny hödürledi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de häkimlikler tarapyndan esasy maliýe meýilnamasyny, geljek ýyl üçin durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlaryny we maýa goýum Maksatnamasyny taýýarlamak boýunça zerur hasabatlaryň anyk tertibini we möhletlerini kesgitleýär.

Bellenilişi ýaly, geljek ýyl üçin Döwlet býujeti hem-de maliýe-ykdysady görkezijiler Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Maksatnamasyndan, hakyky mümkinçiliklerden we garaşylýan hasabat görkezijilerinden ugur alnyp taýýarlanylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işleri geljek ýylda hem dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.