Ï Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden belleniler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden belleniler

view-icon 71
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni giňden belleniler

3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda birnäçe sport çäreleri geçiriler.

22-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Mämmedowyň habar berşi ýaly, 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosiped ýörişini guramak meýilleşdirilýär. Baýramçylyk mynasybetli 30-njy maýdan 3-nji iýuna çenli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosipedli ýörişleri, sport ýaryşlaryny, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped gününiň sagdyn we bagtyýar durmuşy wagyz edýän halkara sport baýramydygyny belläp, ýurdumyzda meýilleşdirilen bedenterbiýe-sport çärelerini ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Ýatladyp geçsek, Bütindünýä welosiped güni 2018-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda döredildi. Şeýle hem 2022-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda ýurdumyzyň teklibi boýunça «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Ekologiýa taýdan arassa sport görnüşi bolan welosiped sporty dünýäde, aýratyn-da köpçülikleýin sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşýan Türkmenistanda barha giňden meşhur bolýar.