Ï Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda täze umumybilim berýän mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda täze umumybilim berýän mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar

view-icon 16
Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda täze umumybilim berýän mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde paýtagtymyzyň durmuş infrastrukturasyny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamasyna laýyklykda, Büzmeýin etrabynyň «Bagyr» ýaşaýyş toplumynda hersi 720 orunlyk iki sany umumybilim berýän mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň, şeýle hem saglyk öýüniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Täze bilim edaralarynda ýaş nesli döwrebap okatmak we terbiýelemek üçin ähli şertler dörediler. Öz gezeginde, saglyk öýi öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler, bu bolsa milli saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Aşgabadyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda umumybilim berýän mekdepleri, çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak hakynda Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.