22.08.2025
4117
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Belent mertebeli myhman Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen geldi.
22.08.2025
4367
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýokary derejeli Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan duşuşygynyň netijeleri boýunça metbugat wekillerine ÝÜZLENMESI
Üçtaraplaýyn duşuşyga çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti doganym Ilham Geýdar ogluna, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe uly hormat bilen çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.
22.08.2025
4029
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasy
Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda, mundan beýläk «taraplar» diýlip atlandyrylýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy geçirildi.
22.08.2025
4046
Hazaryň kenarynda Azerbaýjanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlaryna sowgatlar gowşuryldy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde geçirilen üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşygynyň hormatyna medeni çärä gatnaşdylar.
22.08.2025
8211
Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Astrahan şäherinde “Magtymguly Pyragy” atly türkmen çeper filmi görkezildi
2025-nji ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Astrahan şäheriniň “Ilýuzion” kinoteatrynda “Magtymguly Pyragy” atly türkmen çeper filmi görkezildi.
22.08.2025
8783
Garagoýunly türkmenleriniň emirleriniň taryhy ýadygärligine barlyp görüldi
2025-nji ýylyň 21-nji awgustynda Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Ararat welaýatynyň Argawand obasynyň çäginde ýerleşýän XV asryň binagärlik ýadygärligi bolan Garagoýunly türkmenleriň emirleriniň aramgähine baryp gördi.
22.08.2025
4548
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady.
22.08.2025
9834
Aşgabatda türkmen mekdep okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä rekorduny goýdular
Paýtagtymyzda geçirilýän «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde 21-nji awgustda mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşikler guraldy.
22.08.2025
7987
Orazgeldi Amangeldiýew: türkmen kinematografiýanyň ussady
Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Amangeldiýewiň döredijiligi, geçen asyryň ahyrynda diňe türkmen kino sungatynda däl, eýsem, Özbegistan we Gazagystan kinematografiýa sungatynyň ýyldyzy bolýar. Ýakynda ajaýyp artistiň aradan çykandygy bilen baglanyşykly gynançly habar alyndy. Muňa garamazdan, onuň ady Türkmenistanyň teatr sungatynyň hem-de kinematografiýanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
21.08.2025
8177
Aşgabatda çagalar üçin halkara sergi-ýarmarka açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady.