Ï Saýlawlara taýýarlyk: dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Saýlawlara taýýarlyk: dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär

view-icon 124
Saýlawlara taýýarlyk: dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri batly depginlerde dowam edýär.

Milli saýlaw kanunçylygyna we tassyklanylan degişli meýilnama laýyklykda, ýurdumyzda geçiriljek saýlawlaryň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýasyndan, şeýle hem raýat toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemeklige bagyşlanan mejlisler, ýygnaklar guramaçylykly geçirilýär. Olaryň dowamynda iň mynasyp wekiller ýurdumyzyň kanun çykaryjy edaralaryna, ýerli wekilçilikli häkimiýetlere we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärlige hödürlenilýär.

Hödürlenilýän dalaşgärleriň ilat arasynda hormatlanýan, zähmetsöýer şahslardygyny, olaryň arasynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän köp sanly tejribeli hünärmenleriň bardygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, hödürlenýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Her bir saýlaw okrugyna bir orun üçin birnäçe dalaşgär hödürlenýär, bu bolsa saýlawlaryň giň bäsleşik esasynda geçiriljekdigini subut edýär.

Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar toparlary tarapyndan bellenilen milli synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň açyklyk we aýdyňlyk esasynda geçirilmegini üpjün eder.

Dalaşgärleri hödürlemek işleri saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklarynda geçirilýär. Jemgyýetçilik guramalarynyň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň ilat bilen geçirýän duşuşyklary muňa uly itergi berýär.

29-njy martda geçiriljek saýlawlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň ýolunda möhüm ädim bolar. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi özgertmeler we innowasiýalar ýoly bilen täze, ägirt uly üstünliklere tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň yzygiderli ösüşlerine itergi berýär.

Şunuň bilen baglylykda, öňde boljak saýlawlar we dalaşgärleri hödürlemek boýunça dowam edýän işler Türkmenistanda we türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň uly orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýan bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmegi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şeýlelikde, öňde boljak nobatdaky saýlawlar Watanymyzyň demokratik binýadyny we döwlet özygtyýarlylygyny has-da pugtalandyrjak aýratyn möhüm wakadyr.