Ï «Kompozitor» kinofilmiň nobatdaky halkara baýragy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Kompozitor» kinofilmiň nobatdaky halkara baýragy

view-icon 131
«Kompozitor» kinofilmiň nobatdaky halkara baýragy

Şu gün paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürilen «Kompozitor» atly filmiň ýakynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp bolmagyna bagyşlandy.

Esasy dabara başlanmazdan öňürti, oňa gatnaşyjylar kinoteatryň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Sergi ýurdumyzyň kino sungatynyň taryhyna we ösüşine bagyşlanypdyr. Kino sungatynyň jadylaýjy güýjüniň tomaşaçylara uly täsir edýändigi üçin kino eserlerini döretmekde ulanylýan dürli tehniki serişdeler, şol sanda dürli döwürlerde ulanylan kinokameralar, ýagtylandyryjylar we beýleki abzallardyr serişdeler sergini synlanlaryň hemmesiniň ünsüni çekdi.

Şeýle hem sergide görkezilen gymmatlyklaryň hatarynda dürli ýyllarda türkmen kinematografiýasynyň önümleriniň mynasyp bolan baýraklary we sylaglary goýlupdyr.

«Aşgabat» kinoteatrynyň giň tomaşaçylar zalynyň sahnasynda ýaýbaňlandyrylan esasy dabaralary maslahat «Dünýä doldy bedew batly şanymyz, Arkadagly Gahryman Serdara şöhrat!» atly edebi-çeper, aýdym-sazly kompozisiýanyň görkezilmeginden başlandy. Ony Türkmenistanyň Beýik SaparmyratTürkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyňartistleriýerine ýetirdiler.

Soňra çykyş edenler Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen kinoçylaryny hem-de dabara gatnaşyjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy giňden belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna şan beren nobatdaky ajaýyp halkara üstünlik -- Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürilen «Kompozitor» atly türkmen filminiň TÜRKSOÝ halkara guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda kinematografiýa işiniň kämilleşdirilmegine, surata düşürilen milli filmleriň köpçülige görkezilmegine, kinofestiwallaryň geçirilmegine, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara kinofestiwallaryna gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan berýän goldaw-hemaýatlary netijesinde, şu ýylyň 15–18-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Türkmenistanyň kino günleri geçirildi. Köpöwüşginli çärelere beslenen kino günleri şanly ýylymyzyň möhüm medeni wakalarynyň biri boldy we hakyky sungat baýramçylygyna öwrüldi.

Türkmenistanyň kino günleriniň çäginde geçirilen çäreler milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň türki dünýäde uly gyzyklanma döredýändiginiň, doganlyk halklarymyzyň arasynda özara medeni dialogyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. «Kompozitor» atly türkmen çeper filminiň TÜRKSOÝ-yň halkara baýraklarynyň ikisine mynasyp bolmagy bolsa bu medeni çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy diýip, çykyş edenler aýtdylar.

Bellenilip geçilişi ýaly, 17-nji fewralda, Türkiýede Türkmenistanyň kino günleriniň çäklerinde Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeni merkezinde «Kompozitor» atly türkmen çeper filminiň görkezilişi guraldy. Soňra bu ajaýyp film üçin TÜRKSOÝ-yň halkara baýraklarynyň ikisigowşuryldy, ýagny filmiň surata düşürilmegine ýakyndan goldaw beren Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna TÜRKSOÝ-yň «Goşa ganatly uly laçyn» atly ýörite sylagy gowşuryldy, şeýle-de filmi saz bilen bezändigi üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedow«Ganatly altyn bedew» atly ýörite sylag bilen sylaglandy.Munuň özi hemmämizi buýsandyran hoş habar boldy we milli kino sungatymyzdaky bu halkara üstünlik aýratyn guwandyryjy waka öwrüldi diýip, çykyş edenler guwanç bilen nygtadylar.

Çykyşlarda filmiň nobatdaky halkara sylaglarynyň aýratynlyklary barada durlup geçilip, milli kinematografiýamyzyň ösüşine uly goşant bolan bu çeper film üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedowyň «Ganatly altyn bedew» atly ýörite sylag bilen sylaglanmagynyň ýurdumyzyň kino sungatynda şatlykly wakadygy, bu ýörite sylagyň TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan ilkinji gezek gowşurylyp, filmiň sazlarynyň onuň çeperçilik gymmatlygyny artdyrandygyny alamatlandyrýandygy bellenildi.

Türkmen kino sungatyny ösdürmek, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrmak işine, şeýle hem häzirki zaman kino sungatynyň hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrylmagyna goşýan goşandy nazara alnyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna «Goşa ganatly uly laçyn» atly ýörite sylagyň gowşurylmagy hem örän ähmiýetlidir. Bu bolsa Gaznanyň alyp barýan asylly işleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalydyr diýip, çykyş edenler aýtdylar.

Ýeri gelende bellenilip geçilse, mälim bolşy ýaly, «Kompozitor» filmi 2024-nji ýylda «Gorkut Ata» atly ýurdumyzda geçirilen 4-nji halkara kinofestiwalynda «Eminleriň ýörite baýragyna», «Iň gowy zenan keşbi baýragyna», 2025-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Kinematografiýa sungatynyň Ýewraziýa akademiýasynyň «Göwher kebelek» atly açyk Ýewraziýa kino baýragynda «Iň gowy suratkeş» ugry boýunça baýraklara mynasyp boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, soňky ýyllarda türkmen kino sungatynyň uly ösüşlere beslenýändigini, döwrebap derejede kämilleşdirilýändigini we dünýäde bu ugur boýunça hünärmenleriň, halkara jemgyýetçiligiň gyzyklanmasyna eýe bolýandygyny aýratyn bellemek gerek. Türkmen çeper filmlerimiziň, artistlerimiziň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

2023-nji ýylda Arkadag şäherinde «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň geçirilmegi we oňa daşary ýurtlardan dünýä meşhur kino ýyldyzlarynyň gatnaşmagy, 2024-nji ýylda bolsa ýurdumyzda «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwalyň üstünlikli geçirilmegi ýaly wakalar hem milli kino sungatymyzyň dünýä kinematografiýasynyň ýokary derejelere çykan döwründe depginli ösdürilýändiginiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň yzygiderli öňe ilerledilýändiginiň, döwletimiz tarapyndan munuň üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň anyk mysallarydyr.

Çykyşlarda Ankara şäherinde Türkmenistanyň kino günleriniň üstünlikli geçirilmeginiň we onuň çäklerinde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň 2024-nji ýylda uly ekranlara çykan «Kompozitor» atly çeper filminiň TÜRKSOÝ-yň halkara baýraklarynyň ikisine mynasyp bolmagynyň milli kino sungatymyzyň gazananlarynyň halkara derejede ykrar edilýändigini alamatlandyrýandygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylandygyna üns çekilip, Türkiýede geçirilen medeni çäreleriň hem-de gazanylan sylaglaryň bu Strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygy bellenildi.

Dabaraly maslahat onuň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Ýerine ýetrilen aýdymlaryň tomaşaçylaryň ýüreklerinde ornan örän täsirli kinofilmleriň aýrylmaz bölegine öwrülip, uly täsir galdyran aýdym eserleri bolmagy dabaraly maslahata gatnaşyjylarda ýakymy pursatlary we ajaýyp duýgulary döretdi.

Milli Liderimiz we hormatly Prezidentimiz türkmen kino sungatyny döwrebap derejede ösdürmek üçin bu ugurda iş alyp barýan döredijilik toparlaryna ähli mümkinçilikleridir şertleri döredip berýär hem-de uly ynam bildirýär. Ýurdumyzyň kino sungatyndaky ähli döredijilik işgärleriniň şol belent ynamy ödäp, mundan beýläk-de netijeli işlemekleri, dünýäde uly üstünlikleri gazanmaklary möhüm wezipedir.

Sebäbi Gahryman Arkadagymyz özüniň «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly ajaýyp kitabynda «Milletimiziň baý medeni mirasyna, inçeden nepis, özboluşly, milli çeperçilik däp-dessurlaryna daýanyp, ösüşler ýoluna düşýän türkmen kino sungaty halkymyzyň üçünji müňýyllykda gazanýan zähmet ýeňişlerini Ýer ýüzüne wagyz etmekde uly işleri amala aşyrmalydyr» diýip, kino sungatynyň wekillerine uly ynam bildirmek bilen, olaryň öňünde beýik wezipeleriň durýandygyny belläp geçýär.

Dabaraly maslahatyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndansurata düşürilen «Kompozitor» atly kinofilmden pursatlar hem görkezildi.

Mälim bolşy ýaly, bu film wakalarynyň yzygiderliligi hem-de beýan edilişi bilen özüne çekip, gyzgyn garşylanan döredijilik eserleriniň birine öwrüldi.

Bu filmde türkmen halkynyň milli saz sungatyny, onuň jadylaýjy güýjüni görkezýän maglumatlar we görnüşler beýan edilýär. Filmiň tutuş dowamynda wakalar sazyň utgaşdyrylmagynda beýan edilýär. Munuň özi saz bilen bezeýjileriň zehinine we döredijilik gözleglerine şaýatlyk edýär.

Filmde Gahryman Arkadagymyzyň agtygy Kerim Berdimuhamedowyň döreden sazlary ýaňlanýar. Zehinli ýaş kompozitoryň sazlary baş gahrymanyň hyýalynda Diýarymyzyň çar künjegine seýil-seýran edýän pursatlary aýratyn täsirli kabul edilýär. Köýtendagyň belent gerişlerindäki meşhur dinozawrlaryň aýak yzlaryndan Günbatardaky sönen ýanardaglaryň ak hek gaýalaryna çenli, Berkarar Watanymyzň sebitleriniň ähli tebigat gözellikleri, ajaýyp Awaza, täze döwrebap şäherlerdir gadymyýetiň taryhy ýadygärlikleri -- bularyň ählisi Kerim Berdimuhammedowyň saz bezegi bilen sazlaşýar.

Kompozitor Kerim Berdimuhamedowyň filmde beýanyny tapan saz eserleri gahrymanlaryň içki dünýäsini inçe we täsirli görnüşde açyp görkezmek bilen, türkmen saz medeniýetiniň baý däplerine daýanýar. Bu sazlar türki halklaryň medeni mirasyny ösdürmäge we olary gorap saklamaga möhüm goşant goşýar, türki dünýäsiniň umumy medeni-ruhy gymmatlyklaryny giňden açyp görkezýär.

Sazyň güýçli möwji kino surata düşürmegiň döwrebap usullarynyň kömegi bilen birdenkä howalanyp asmana göterilýän, birden bolsa pespelläp, Zemini gyratlaýan görnüşler bilen sazlaşyklykda täsirli duýgulary oýarýar. “Kompozitor” atly çeper filmiň ýene bir üstünligi onuň şowly saz bezegi bilen baglylykda, dogduk Watan, ata babalaryň ýurdy, mukaddes topragyň özüne çekiji güýji barada oýlanmalara iterýändiginde hem jememlenendir. Mahlasy, filme tomaşa edilenden soň, onuň saz bezeginiň şowly çykandygyna göz ýetirip bolýar.

Umuman aýdylanda, sazyň ynsany ýeňişlere ruhlandyryjy beýik güýji hakynda gürrüň berýän bu film milli kino sungatynyň şowly eserler bilen baýlaşýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Artistleriň özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen janlandyryp bilişleri beýan edilýän wakanyň ynandyryjylygyny artdyrýar. Bu bolsa kino eserine tomaşa edenlerde ýakymly täsirler galdyrýar. Munuň özi bu filmi döretmäge gatnaşanlaryň yhalsynyň ýerine düşendigini alamatlandyrýar.

Çykyşlarda milli medeniýetimizi, sungatymyzy dünýäde dabaralandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylan tüýs ýürekden hoşallyk sözleri dowamly ýaňlandy we milli kino sungatymyzda gazanylan halkara sylaglar mynasybetli gutlag sözleri hem-de milli medeniýetimizde, sungatymyzda halkara derejede gazanylýan şeýle uly üstünlkleriň höwrüniň köp bolmagy baradaky arzuwlar beýan edildi.

Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin diýip, çykyş edenler tüýs ýürekden arzuw etdiler!

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

«Bedew batly Diýarymyza şöhrat!» diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi dabaraly maslahatyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Onda beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy giňden belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna şan berýän ajaýyp üstünliklerimiz wasp edildi.