Ï Türkmenistan-Amerikanyň Birleşen Ştatlary: ygtybarly häsiýete eýe bolan gatnaşyklar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Amerikanyň Birleşen Ştatlary: ygtybarly häsiýete eýe bolan gatnaşyklar

view-icon 154

...Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna geldi. Dostlukly ýurduň halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Jon Riz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy görýändigine örän şatdygyny nygtap, özüniň Türkmenistana bolan saparyny hemişe uly buýsanç bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Aşgabadyň binagärlik sazlaşygynyň özünde oňyn täsirler galdyrandygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we syýahatçylygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Munuň özi ýurdumyzda ählumumy durnukly ösüşiň strategik ugry hasaplanylýar. Şunda Türkmenistanda sportuň hem-de syýahatçylygyň häzirki zaman düzüminiň döredilendigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan golf meýdançalarynyň görnüşleri görkezildi. Bellenilişi ýaly, sporty we dynç alşy özünde jemleýän golf meýdançalary ekologiýa derejesiniň saklanylmagynda we bu ugur boýunça täzeçil çözgütleriň kabul edilmeginde möhüm şert hökmünde ykrar edilendir.

Gahryman Arkadagymyz dünýäde öňdebaryjy hasaplanylýan “Nicklaus Companies” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Aşgabat şäherinde gurlan golf meýdançasynyň şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň şunuň ýaly täze merkezleriň gurulmagy bilen baglanyşykly meseleler babatda hyzmatdaş kompaniýanyň teklipleriniň öwrenilmegine taýýardygyna ünsi çekdi.

Saglygy goraýyş we sport ulgamynda ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde işjeň gatnaşýan “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hem-de halkara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin degişli kanunçylyk binýady üpjün edilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtady.

Şeýle hem Jon Riz Gahryman Arkadagymyzy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem-de Arkadag şäherinde gurulmagy möhüm hasaplanylýan birnäçe taslamalar bilen tanyşmaga çagyrdy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen içgin tanşyp, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda golf meýdançalarynyň gurulmagy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köpçülikleýin bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň üstüni ýetirer diýip belledi hem-de “Nicklaus Companies” kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Jon Riz Türkmenistanda golf sportunyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilmeginiň örän guwandyryjy ýagdaýdygyny nygtap, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ykdysady taýdan kuwwatly ýurduň dürli künjeklerinde golf meýdançalaryny gurmak baradaky teklipleri hödürlemäge we desgalaryň gurluşygyna girişmek üçin zerur taýýarlyklary görmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy teklip edilýän golf meýdançalarynyň taslamalary bilen tanyşlykdan soňra, “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

“Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart Gahryman Arkadagymyzy Amerikada görýändigine şatdygyny aýdyp, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilýändigini, şunda iki ýurduň işewür düzümleriniň bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny belledi we birek-birege hormat goýmak hem-de ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmegiň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigi bellenildi. Munuň özi özara bähbitli esasda ýola goýulýan gatnaşyklary ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga ýardam berer.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň we ABŞ-nyň işewür düzümleriniň arasynda geljegi uly bolan ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolan duşuşyklary yzygiderli guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginde amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandy bellenildi.

Bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “CASE” “Nicklaus Companies” ýaly iri amerikan kompaniýalary Türkmenistanda möhüm taslamalary durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz birnäçe ýyllaryň dowamynda iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi.

“Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory iki ýurduň ykdysady düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak, ösdürmek we berkitmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Panther” milli golf klubyna tarap ugrady.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy hem-de golf klubynyň wekilleri Gahryman Arkadagymyza meýdançalaryň gurluş aýratynlyklary, onuň özboluşly şertleri barada gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hem golf bilen köpçülikleýin meşgullanmak üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyz meýdançalaryň abadanlaşdyrylyş we hil derejesi bilen tanşyp, Aşgabatda hereket edýän golf meýdançasynyň ýaşlaryň söýgüli künjegine öwrülendigini belledi. Ýurdumyzda golf meýdançalarynyň sanyny artdyrmagyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda oňyn tejribe toplan amerikan hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk edilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi.

Golf klubynyň wekilleri Türkmenistanyň golf sportuny ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny belläp, türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmagyň we bilelikdäki golf ýaryşlaryny geçirmegiň özlerine bildirilýän hormat hökmünde kabul edýändiklerini nygtadylar.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz “Sandhill Crane Golf Club” okuw-türgenleşik merkezi bilen tanyşdy. Bu okuw türgenleşik-merkezi 1992-nji ýylda açylyp, häzirki wagtda ol köp gelim-gidimli ýerleriň biri bolup durýar.

Bu ýerde dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän dokma senagatyna degişli önümleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda arassa nah ýüplüklerden taýýarlanan sport lybaslarynyň dürli görnüşleri görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde “Türkmenistanda öndürildi” nyşan bilen ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda öndürilen harytlara möhüm ornuň berilendigini bellemek ýakymly.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň arassalygy we ekologiýa derejesi bilen ýokary halkara görkezijilerine doly laýyk gelýän önümleri dünýa bazarlarynda uly isleg bildirilýän we geçginli harytlar hökmünde ykrar edildi. Munuň özi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň dünýäde meşhurlyk gazanan harytlaryny öndürýän ýurt hökmündäki derejesini pugtalandyrýar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu toplumyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Merkezde türgenleşik işleri sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly geçirilýär. Şeýle-de merkez tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz merkeziň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi we bu ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Golf sporty häzirki wagtda dünýäde meşhur sport görnüşleriniň biri bolup durýar. Bu sporta ýaşlaryň arasynda gyzyklanmalar barha artýar. Ýurdumyzda golf sportuny ösdürmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Şeýle hem bu ugur boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemegiň wajypdygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz ekologiýa abadançylygynyň möhüm şertleriniň biri bolan golf meýdançalarynyň köpçülikleýin gurulmagynyň adamlaryň, şol sanda ýaşlaryň saglyklarynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn belledi.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda sport, has takygy, golf sporty boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin wagtyň synagyndan geçen netijeli gural hökmünde golf meýdançalarynyň ähmiýetine üns berildi.

Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň golf klubynyň wekillerine üstünlikleri arzuw etdi we olara netijeli duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ bolan saparynyň çäklerinde “La Victoria” atçylyk toplumyna bardy.

Bu toplum atşynaslar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryndan, athanalardan, türgenleşik meýdançasyndan, suw çüwdürimli kölden we beýleki ugurdaş desgalardan ybaratdyr. Athanada saklanýan atlar üçin niýetlenen ýataklar, atlaryň seýislenilýän ýerleri, ýapyk maneş, at eýerlerini we beýleki esbaplaryny saklamaga niýetlenen otaglar bar. Şeýle hem açyk meýdanda atlaryň suwa ýakylýan ýeri döredilipdir.

Gahryman Arkadagymyz atçylyk toplumynyň bedewleri, olaryň saklanyş we taýýarlanyş ugurlary bilen tanyşyp, bu ýerde atlaryň bäsleşiklere taýýarlanmagy üçin niýetlenen mümkinçilikler, seýisleriň iş tertibi bilen gyzyklandy.

ABŞ-nyň çäklerinde uly göwrümli hasaplanylýan bu toplumda atçylyk sporty boýunça bäsleşikleri guramak, şeýle hem bu ýerde atçylyk sportunyň konkur görnüşi boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Bellenilişi ýaly, bu ýerde konkur ýaryşy boýunça halkara bäsleşikleri birnäçe aýlap dowam edýär.

Şu nukdaýnazardan iki ýurduň arasynda atçylyk sporty boýunça ýygjam gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda amerikaly we türkmenistanly atşynaslaryň hem-de atçylyk sporty bilen meşgullanýanlaryň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ähmiýetine üns berildi.

Gahryman Arkadagymyz atçylyk toplumynyň wekilleriniň özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipleriniň öwreniljekdigini aýdyp, bu ugurda ýola goýulýan gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn esasda ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ABŞ-a saparynyň çäklerinde bu ýurduň tanymal syýasatşynas işewür adamlary bilen duşuşdy.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy işewürler Stiw Winn, Aýzek Perlmutter, “Oxbow Group” kompaniýasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Wilýam Koh mähirli garşyladylar.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny köp sanly amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barýandyklaryny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda ozaldan gelýän gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Işewürler işjeň ýagdaýda geçen duşuşyk üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan edip, geljekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardyklaryny bellediler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “John Deere Walldorf International GmbH” kompaniýasynyň Baş direktory, GDA we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalygy ugry boýunça prezidenti Çaba Leýko bilen duşuşygy boldy.

Çaba Leýko türkmen halkynyň Milli Liderini bu ýerde görýändigine örän şatdygyny aýdyp, bu duşuşygyň özi üçin uly mertebedigini nygtady. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyza Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan saparynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi hem-de bu saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlykda oba hojalygy ugry boýunça gatnaşyklara möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridigini, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň bolsa halkymyzyň abadançylygy bilen gönüden-göni baglydygyny aýdyp, bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň ägirt uly geljeginiň bardygyny nygtady.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzda obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Bu toplumyň işine öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de dünýäniň iň gowy tejribesi ornaşdyrylýar. Daýhanlarymyza döwrebap tehnikalar satyn alnyp berilýär. Bu bolsa toplumyň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, “John Deere” kompaniýasy bilen ýola goýlan işewür gatnaşyklaryň uzakmöhletli häsiýete eýedigine üns berildi. Bu kompaniýa obasenagat ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, işjeň gatnaşyklaryň 30 ýyldan gowrak döwrüniň içinde amerikan kompaniýasynyň Türkmenistana iberýän dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalarynyň sanynyň artmagy köpýyllyk hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Obasenagat toplumy üçin niýetlenen “John Deere” kysymly ýöriteleşdirilen tehnikalar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde netijeli işleýär.

Türkmenistan üçin ýokary hünärli ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak uzakmöhletli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlaryň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň hem üstünlikli dowam etdirilmegi üçin oňat mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bu kompaniýanyň kuwwatly tehnikalarynyň müňlerçesi ýokary öndürijilikli ulanylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we “John Deere” kompaniýasynyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bu gatnaşyklar has-da işjeň häsiýete eýe bolar.

Duşuşygyň ahyrynda Çaba Leýko Gahryman Arkadagymyza netijeli söhbetdeşlik hem-de kompaniýa bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “John Deere” kompaniýasynyň özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz bilen duşuşyp, bu ýerde maslahatlaşylan meseleler, gazanylan ylalaşyklar we kesgitlenen wezipeler boýunça pikir alyşdy.

“Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan saparynyň ýokary derejede geçendigini hem-de onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, ABŞ-nyň işewür düzümleriniň wekilleri bu saparyň netijelerine ýokary baha berdiler.

Gahryman Arkadagymyz dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň biriniň ýolbaşçysyna Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalarynyň ähmiýetlidigine ünsi çekip, ýurdumyzyň özüniň Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny, şunda Türkmenistanyň özara bähbitli hem-de birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.

Şeýle hem pikir alyşmalaryň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýokary derejede ýerine ýetirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we Arkadag şäherinde golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, bu babatda özara tejribe alyşmagyň meselelerine ünsi çekdi.

Jon Riz Gahryman Arkadagymyz bilen geçen duşuşykdan soňra Türkmenistanda golf meýdançasyny gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň kenarynda guruljak golf toplumy sportuň bu görnüşine höwes edýän ýaşlar üçin niýetlenen iki meýdançany öz içine alar. Olaryň birinde özara bäsleşikleri guramak mümkinçiligi üpjün ediler. Bu meýdançada golf klubynyň agzalary dürli türgenleşikleri geçirip bilerler we onda halkara ýaryşlaryny guramaga niýetlenen mümkinçilikler üpjün ediler.

Kaşaň myhmanhanalary, şypahanalary we ajaýyp akwoparky özünde jemleýän Awazanyň çäginde golf meýdançalarynyň gurulmagy bu künjegiň Merkezi Aziýanyň çäginde ähmiýetli şypahana zolagy hökmündäki derejesini pugtalandyrar. 

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Arkadag şäheriniň tebigy aýratynlyklarynyň golf meýdançasyny gurmak üçin ähli zerur amatlyklary özünde jemleýändigi bellenildi. Munuň özi bu ugur boýunça gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejesine çykmagyny üpjün eder.

Mälim bolşy ýaly, “Nicklaus Companies” kompaniýasy 50 ýyldan gowrak döwrüň dowamynda dünýä derejeli golf meýdançalarynyň 450-den gowragyny gurdy. Olaryň Amerikanyň ştatlarynyň 40-synda we dünýä ýurtlarynyň 50-sinde işjeň hereket edýändigi bellenildi. Munuň özi dünýäde golf sportunyň ösdürilmegine goşulan mynasyp goşantdyr. Türkmenistanda golf sportunyň işjeň ýagdaýda ösdürilmegi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdymyzyň halkara giňişligindäki sport abraýyny belende göterer.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we syýahatçylygyň ösdürilmeginiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda sportuň häzirki zaman ulgamynyň emele gelendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň golf sportunyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we Jon Riz geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny ýene-de bir ýola belläp, birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýtdylar hem-de bu duşuşygyň täze başlangyçlara badalga bolandygyny nygtadylar.

Gahryman Arkadagymyz ABŞ-a bolan saparyny tamamlap, dostlukly ýurduň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra Gahryman Arkadagymyz Germaniýa Respublikasyna bardy we bu ýerde degişli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahaty hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 13-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen gol çeken Karary esasynda geçirildi.

Iş maslahatynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly şygary 2026-njy ýyl üçin möhüm maksatlary özünde jemleýär. Çünki ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň, halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň nyşanydyr. Gündogar müçenamasynda Ýylky ýyly güýç-kuwwaty, asyllylygy we öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin tutanýerli erki aňladýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toý-baýramlaryň bezegine öwrülen bedewleriň halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, merdana pederlerimiziň, ussat seýisleriň tagallasy bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, ahalteke bedewleri türkmen halkynyň döredijilik zehininiň we tebigat bilen sazlaşygynyň ýokary nusgasydyr. Halkymyzyň milli buýsanjydyr. Şoňa görä-de, halkymyz «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «Aty baryň ganaty bar» diýmek bilen, öz behişdi bedewine uly hormat goýýar.

Iş maslahatynda Türkmenistanyň Germaniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B. Rejepow türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär. Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropa sebitinde esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýewropa ýurtlary bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär.

Şeýle hem ilçi behişdi bedewlerimizi wagyz etmek hem-de ahalteke atlarymyzyň geçiriljek halkara ýaryşarlaryna gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2026-njy ýylyň 11-23-nji awgustynda Germaniýanyň Aahen şäherinde geçiriljek «FEI World Championship 2026» çempionatyna, Niderlandlar Patyşalygynda sentýabr aýynda geçiriljek Ahalteke atlarynyň arasynda gözellik bäsleşigine   Fransiýada, Beýk Britaniýada geçiriljek at bilen baglanyşykly çäreleri gatnaşmagy gazanmagyň hem-de olara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi hem-de degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen atçylyk toplumlary, aýlawlary, ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak, bedewleri çapyşyklara taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Iş maslahatynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny belleýän Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyny, ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki şan-şöhratyny has-da artmagyny üpjün eder. Şu maksat bilen, ähli meýilleşdirilen çäreleriň anyk maksatnamalarynyň taýýarlanylmalydygyny, her bir çäräniň döwrebap derejede geçirilmelidigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi we bu ugurda özüniň birnäçe öwüt-nesihatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň ABŞ-a bolan sapary netijeli we işjeň geçen duşuşyklara, gepleşiklere baý boldy. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin açykdygynyň hem-de duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylýan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginiň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şertidir. Gahryman Arkadagymyzyň bu saparynyň jemleri Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky häzirki zaman gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypany ýazar.