Ï ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

view-icon 94
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy, şeýle hem ýurdumyzyň milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipler bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlenildi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri we 2026-nji ýylyň Meýilnamasynda bellenilen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi.

Şunuň bilen bir hatarda, 2025-nji ýylda ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasynyň geçirilendigi bellenildi, olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet we ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy. ÝUNESKO we onuň Almaty şäherinde ýerleşýän sebitleýin edarasy tarapyndan geçirilen halkara hem-de sebit maslahatlaryna, okuw maslahatlaryna gatnaşmak üçin daşary ýurtlara saparlar guraldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň bütin dünýäde wagyz edilmegine, sungatyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde türkmen jemgyýetiniň ruhy we aň-bilim kuwwatyny artdyrmaga, milli medeniýetimizi kämilleşdirmäge, taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklerimizi goramaga hem-de aýawly saklamaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.

Baý medeni mirasymyz halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasydyr. BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen düzümi medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy landşaftlary goramak boýunça halkara işlerde möhüm orny eýeleýär, ählumumy gymmatlyklara hormat goýmaga esaslanýan açyk dialog üçin amatly şertleri döredýär. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hereket etmegi hem uzak möhletleýin geljege gönükdirilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň çäginde ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde, döwletimiziň medeni, bilim, ylym kuwwatyny artdyrmakda uly üstünlikleriň gazanylandygyny bellemek gerek. Munuň özi Türkmenistanyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň halkara derejede ykrar edilmegi bilen baglanyşykly meselelere hem degişlidir.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak hakynda, bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýalaryna we beýleki köp sanly resminamalaryna goşulmak bilen, olaryň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleri geljek nesiller üçin gorap saklamak babatda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikleriň arasyndan täsin taryhy desgalaryň birnäçesiniň — Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň Parfiýa galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

2025-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Geoseýilgähler boýunça maksatnamasynyň çäklerinde tebigy we medeni ýadygärlikleri, halkara geologik ähmiýetli landşaftlary öz içine alýan geoseýilgähleri döretmek babatda işler alnyp baryldy. Maksatnamanyň esasy maksady ýerli ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda, geologik mirasy peýdalanýan we ilerledýän ählumumy çäk ulgamyny döretmekden ybaratdyr. Türkmenistanda milli geologik seýilgähleriň döredilmegi ekologik taýdan arassa, senagata bagly bolmadyk ösüşiň geljegi uly serişdeleriniň biridir. Olaryň esasy maksady sebitiň geologik hem-de geologik däl mirasyny goramakdan, olary ylmy we syýahatçylygy ösdürmek üçin meýdança hökmünde ulanmakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzda özboluşly geologik obýektler bar. Şunda Garabogaz aýlagynyň günorta-gündogar kenaryndaky kanýonlar we halkara ähmiýetli geologik miras derejesine eýe bolan läbik wulkanlar aýratyn gyzyklanma döredýär. Bu sebitlerde geoseýilgähleriň döredilmegi diňe bir tebigy baýlyklary goramak bilen çäklenmän, eýsem, ýerli ykdysadyýeti goldamak, täze iş orunlaryny döretmek, ekosyýahatçylygy ösdürmek, sebitiň geologik mirasynyň ähmiýeti barada ilatyň bilimini artdyrmak babatda-da wajyp ähmiýete eýe bolar.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň 2-siniň we klublarynyň 6-synyň açylmagy, şeýle hem 6 sany orta mekdebiň bolsa bu guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi ýaşlaryň döredijilik we ylmy-barlag işjeňligini kemala getirmek, olaryň öz ýurdunyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak babatda uly ähmiýete eýedir. Ýokary we orta okuw mekdepleriniň okuwçylary, talyplary, magistrantlary, mugallymlary ÝUNESKO-nyň ynsanperwer ýörelgelerini, parahatçylyk we özara düşünişmek maksatlaryny çuňňur öwrenýärler hem-de wagyz edýärler. Medeniýetara gatnaşyklar, beýleki medeniýetlere hormat goýmak ruhuny terbiýelemek, medeni we taryhy mirasy gorap saklamak, daşky gurşawy goramak esasy wezipeleriň hataryndadyr.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, geçen ýylyň dekabrynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde gazanan ýokary netijeleri, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň bütin dowamynda okamagy hem-de bilimleri özleşdirmegi üçin zerur şertleri döreden Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Munuň özi Türkmenistanda adam mümkinçiliklerini ösdürmäge, bilimleri we innowasiýalary özleşdirmäge gönükdirilen jemgyýetiň kemala getirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Şeýle hem 8 — 13-nji dekabr aralygynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisinde türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilýändigi hakyndaky çözgüdiň kabul edildindigi nygtaldy. Bu şanly waka mynasybetli 2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde degişli güwänamanyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen alabaýy halkymyzyň milli buýsanjy we taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, olaryň arassa ganlylygyny gorap saklamak we tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär.

Şeýle hem 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, mejlisde ÝUNESKO-nyň iri düzümlerinde ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda hyzmatdaşlygyň hem-de maglumatlary alyşmagyň mümkinçilikleri ýaly möhüm wezipelere garaldy, guramaçylyk we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.