10.06.2025
2818
Türkmenistan bilen ÝHHG-niň AHDIE-siniň hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Warşawada (Polşa Respublikasy) Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Adam hukuklary we demokratik institutlary boýunça edarasynda (AHDIE/ÝHHG) duşuşyklar we gepleşikler geçirdi.
10.06.2025
4798
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy ýerlerinde biodürlüligi gorap saklamagyň ähmiýeti barada fotosuratlary, wideoşekilleri taýýarlamak boýunça bäsleşigiň ýeňijileri üçin baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.
10.06.2025
4217
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza we ýurduň ähli halkyna Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
09.06.2025
3407
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Siziň Alyhezretiňizi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik Allatagaladan bu mübärek baýramyň ähli adamzada parahatçylyk we asudalyk getirmegini dileýärin hem-de Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.
09.06.2025
12202
Söwda ulgamynyň ösdürilmegi — milli ykdysadyýeti pugtalandyrmagyň möhüm şerti
Söwda we telekeçilik ulgamyny ösdürmek halkymyzyň durmuş abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga, Diýarymyzyň azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ykdysady syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamdaky özgertmeler ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, bazar gatnaşyklarynyň ýokary netijelere beslenýändigini aýdyň görkezýär.
09.06.2025
2913
«Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen geçirilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi.
09.06.2025
5692
Awazadaky dynç alyş geljekki üstünliklere badalga
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýanwar aýynda Monako Knýazlygyna amala aşyran iş sapary Berkarar döwletimiziň taryhynda möhüm orun tutdy.
09.06.2025
6152
«Talyp joşguny – 2025» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygyna Türkmenistan ýurdumyz ägirt uly üstünlikleri gazanýar. Şeýle üstünlikleriň hatarynda, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgertmeler, gurulýan döwrebap orta we ýokary okuw mekdepler muňa mysal bolup biler.
09.06.2025
3730
Halkara guramalar bilen hyzmatdyşlyk ösdürilýär
Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara Zähmet Maslahatynyň 113-nji mejlisiniň çäklerinde 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda möhüm halkara guramalar bolan Halkara Iş berijiler Guramasy we Halkara Kärdeşler Arkalaşyklaryň Konfederasiýasy bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
09.06.2025
4792
Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat
Hepdäniň birinji ýarymynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly mylaýym howa bolar. Käbir sebitlerde az-kem ýagyş ýagmagy mümkin. Dynç günleri howanyň temperaturasy +40 gradusa çenli gyzar.