Ï Türkmenistan global binagärlik üçin konstruktiw we deňagramly esaslary gurmaga taýýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan global binagärlik üçin konstruktiw we deňagramly esaslary gurmaga taýýar

view-icon 70
Türkmenistan global binagärlik üçin konstruktiw we deňagramly esaslary gurmaga taýýar

«Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi halkara gatnaşyklarynyň subýekti hökmünde Türkmenistanyň işini mundan beýläk-de ösdürmekde tapgyrlaýyn waka öwrüldi. Pugta parahatçylygy we durnuklylygy gazanmaga hem-de gorap saklamaga esaslanan ýurdumyzyň strategik ugrunyň dogrudygynyň we üýtgewsizdiginiň şaýady boldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara forumdaky çykyşynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýönekeý bolmadyk geosyýasy ýagdaýlaryň häzirki döwründe parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýratyn ähmiýete we gymmata eýe bolýandygyna ynam bildirdi. «Bu düşünjelere barabar baha bermek we olary dünýä syýasatynyň jedelsiz kadalary hökmünde berkitmek häzirki zamanyň gurluşy barada oýlanmakda netijeli ilerlemedir. Howply gapma-garşylyk ýagdaýyndan howpsuzlygyň hem-de ösüşiň ählumumy gurluşynyň netijeli, hakyky, sazlaşykly esaslaryny ýola goýmaga tarap ädimdir» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu netijäni diňe bilelikde, umumy syýasy, dünýägaraýyş, ynsanperwer esasda BMG-niň Tertipnamasyna we halkara hukugynyň ykrar edilen kadalaryna daýanyp, döwletleriň, halkara institutlarynyň tagallalaryny birleşdirmek arkaly gazanyp bolar diýen garaýyşdan ugur alýandygyny nygtady.