Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi. Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen abraýly forum hökmünde eýýäm öz ornuny berkitdi.
Forumyň işine gatnaşmakdan alan täsirleri barada Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Ýewgeniýa Kotowa gürrüň berdi. Ol Aşgabada Russiýanyň uly wekiliýetiniň düzüminde geldi. Wekiliýetiň düzümine onkologiýa, pediatriýa, döwlet dolandyryşy we saglygy goraýşy guramak ugurlarynda öňdebaryjy hünärmenler girdiler.
Ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda üç sany iri lukmançylyk edarasy – Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleri açyldy.
Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň wekiliýeti täze desgalara baryp gördi we olaryň derejesine ýokary baha berdi.
– Bular öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen, örän döwrebap we özboluşly lukmançylyk edaralardyr. Bu ýerde diňe bir lukmançylyk tehnologiýalaryna däl, eýsem, näsaglar we lukmançylyk işgärleri üçin amatly şertleriň döredilmegine hem aýratyn üns berlipdir – diýip, Ý. Kotowa belledi.
Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, bu merkezleriň ulanmaga berilmegi ýokary tehnologiýaly lukmançylyk kömeginiň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrar, hatda iň çylşyrymly keselleri hem netijeli anyklamaga we bejermäge mümkinçilik berer.
Russiýa tarapy türkmen kärdeşleri bilen öz tejribesini we işläp taýýarlamalaryny paýlaşmaga taýýardygyny bildirdi. Hususan-da, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasynda rus hünärmenleri onkologiýa kesellerine garşy göreşmek boýunça milli taslamanyň durmuşa geçirilişiniň netijelerini tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, soňky 10 ýylyň dowamynda yzygiderli alnyp barlan işleriň netijesinde Russiýada rak keselini irki döwürlerde ýüze çykarmagyň derejesi 60 göterimden geçdi, anyklaýyş görkezijileri bolsa iki esseden gowrak ýokarlandy.
Aşgabatda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ý. Kotowa amala aşyrylan saparyň iki ýurduň raýatlarynyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi.