Ï Türkmenistan emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýär

view-icon 77
Türkmenistan emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýär

15-nji oktýabrda Bakuda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz sanlylaşdyrmak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň hem barha artýandygyny hem-de emeli aňyň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalaryň ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de diplomatik gurallary kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.

«Şunuň bilen birlikde, olaryň ulanylmagy halkara hukuga, ynanyşmak we ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan jogapkärçilikli çemeleşmäni talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýär» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.