Ï Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynda jemgyýetçilik diplomatiýasyny işjeň ulanmaga çagyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynda jemgyýetçilik diplomatiýasyny işjeň ulanmaga çagyrdy

view-icon 92
Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynda jemgyýetçilik diplomatiýasyny işjeň ulanmaga çagyrdy

Halk diplomatiýasy resmi diplomatiýa üçin möhüm goldaw bolmalydyr. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumdaky çykyşynda belläp geçdi.

Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda Parahatçylyk we ynanyşmak taglymatyny ilerletmek, adaty diplomatiýadan başga-da gepleşikleriň geçirilmegini, parlament ýollarynyň peýdalanylmagyny, zenanlar, ýaşlar diplomatiýasynyň netijeli ulanylmagyny talap edýändigini nygtady.

«Biziň ýurdumyz munuň üçin köp tagalla edýär. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan öz çäginde bu ugurda iri çäreleri, şol sanda wekilçilikli halkara hem-de sebit derejesindäki forumlary geçirdi. Şunda ýurdumyz syýasy çözgütleriň kabul edilmegine täsir ýetirmegiň goşmaça gurallaryna eýe bolan halk diplomatiýasynyň resmi diplomatiýa üçin möhüm goldaw bolup biljekdiginden hem-de şeýle bolmalydygyndan ugur alýar» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.