Bitaraplyk daşary ykdysady syýasaty içerki ösüş üçin amatly daşarky şertleri üpjün edip, Türkmenistana ykdysady we durmuş ösüşiniň ýokary depginlerini durnukly gazanmaga mümkinçilik berýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara forumdaky çykyşynda aýtdy.
«Bitaraplyk we onuň netijesi bolan «Açyk gapylar» daşary ykdysady syýasaty içerki ösüş üçin amatly daşarky şertleri üpjün edip, Türkmenistana ykdysady we durmuş ösüşiniň ýokary depginlerini durnukly gazanmaga mümkinçilik berýär. Ilatyň durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga, depginli söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny alyp barmaga, iri halkara taslamalaryny amala aşyrmak üçin özüne çekiji, ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş bolmaga şert döredýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we açyklyk netijesinde, häzirki döwürde Türkmenistan onlarça döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn birleşikleriň çäklerinde, esasy halkara institutlary bilen ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň görlüp-eşidilmedik derejesini gazandy.