26.04.2025
5934
Suratkeşler eserlerinde ahal-teke bedewleriniň gözelligini wasp edýärler
Türkmenistan Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp açylan sergi-bäsleşik türkmen suratkeşleriniň döredijiligi bilen haýran galdyrýar. Olar her ýyl bu ugurdan işlerini sergä hödürleýärler, olara käte naýbaşy eserler diýlip baha berilýär.
26.04.2025
4910
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen ÝUNISEF çaga hukuklary boýunça bir multfilm taýýarlady
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde çaga hukuklary barada bir multfilmi surata düşürdi.
26.04.2025
5134
«Arkadag» futbol topary «Köpetdag» toparyny ýeňip, öňbaşçylara ýakynlaşdy
«Arkadag» toparynyň futbolçylary 1-nji tapgyryň goýberilen duşuşygynda Aşgabadyň «Köpetdag» toparyny 6:1 hasabynda utup, ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynda dördünji ýeňşini gazandy.
25.04.2025
4092
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
25.04.2025
6519
Senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalary we düzgünleri işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň Tertibi tassyklanyldy
“Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasyna laýyklykda, senagat howpsuzlygy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalary we düzgünleri işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň Tertibi tassyklanyldy.
25.04.2025
3733
Ahalteke bedewleri — milli we dünýä atşynaslygynyň täsin gymmatlygy
Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVII halkara ylmy maslahat geçirildi.
25.04.2025
3679
Aşgabat bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň arasynda yzygiderli awtobus gatnawy ýola goýlar
Aşgabat bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň arasynda şu ýylyň 15-nji maýyndan yzygiderli awtobus hyzmatlary ýola goýlar.
25.04.2025
4116
Türkmen alymlary tarapyndan nebit geçirijiler üçin innowasiýa tehnologiýasy teklip edildi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alternatiw energiýa çeşmeleri we ölçeg enjamlary tehnologiýalary barlaghanasy nebit turbalarynda parafin-şepbik çökündileriniň döremeginiň öňüni aljak täze tehnologiýany işläp taýýarlamak üçin patent aldy.
25.04.2025
3863
Türkmen wekiliýeti halkara maslahata gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilýän «Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň uniwersitetleriniň arasynda akademiki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy: bilelikdäki maksatnamalar, barlaglar hem-de akademiki ykjamlylyk» atly maslahata gatnaşýar.
25.04.2025
3158
«Köpetdag» topary futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynda öňdeligi eýeleýär
Aşgabadyň «Köpetdag» topary bassyr ikinji ýeňşini gazanyp, Türkmenistanyň futsal Naýbaşy ligasynda öňdeligi eýeledi.