Ï Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

view-icon 4989

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.