Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

view-icon 146

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde örän uly ähmiýet berilýär. Gözelligiň hem-de kämilligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara bähbitli tejribeleri alyşmak boýunça köp işler ýerine ýetirilýär.

Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny we gazanan ýokary netijelerini, şeýle hem hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:

Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Marian Weltewredene,

Hytaý Halk Respublikasynyň «Daqing Huiyou Breeding Co., Ltd.» atçylyk kompaniýasynyň başlygy Liu Şutsine,

Estoniýa Respublikasyndan hususy atşynas, halkara derejeli weterinar lukman Kaido Puuseppe.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabry.