Ï Ýokary netijeler – şanly baýrama toý sowgady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary netijeler – şanly baýrama toý sowgady

view-icon 990
Ýokary netijeler – şanly baýrama toý sowgady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda Berkarar Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllyk şanly toýuna sowgatly barmak maksady bilen tutanýerli zähmete giň gerim berilýär. 

Bu babatda nebit-gaz toplumyna degişli kärhanalarda gazanylýan netijeler hem guwandyryjydyr. Bu pudakda ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan uglewodorod serişdelerini gözläp tapmak, senagat taýdan özleşdirmek, olaryň gazylyp alynýan möçberini artdyrmak, çig maly täzeden işlemek we sarp edijilere ýetirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. 

Berkarar Diýarymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan nebit-gaz pudagynyň mundan bu ýana-da ösmegine, dünýä bazarlarynda uglewodorod serişdelerinden alynýan islegli harytlaryň öndürilmegine uly goşant goşýan kärhanalaryň biri-de Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodydyr. 

Geçen ýyllaryň dowamynda bu kuwwatly kärhanada möhüm taslamalaryň ençemesiniň amala aşyrylmagy, düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna durkunyň düýpli täzelenmegi bu ýerde önümçiligiň möçberiniň we hiliniň ep-esli ýokarlanmagyna ýardam etdi. Munuň şeýledigine bu ýerde öndürilýän dürli görnüşli ýokary hilli önümler, gazanylýan ýokary netijeler aýdyň şaýatlyk edýär. 

Kärhanada 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 10 aýynda nebitiň 448 müň tonnasy täzeden işlenilip, geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 19,1 göterime barabar bolupdyr. Bu öndürilen önümiň 214 müň tonnasynyň dürli oktan belgili benzin bolmagy we olaryň sarp edijilere ugradylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu gymmatly önümi öndürmek boýunça geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgininiň 10,9 göterime deň bolmagy, bu kärhanada önüm öndürmekligiň barha kämilleşýändiginiň aýdyň mysalydyr. 

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň yzygiderli ösmeginde möhüm orna eýe bolan bu iri kärhanada şu ýylyň 10 aýynda dizel ýangyjynyň 103,7 müň, şeýle hem ýol bitumynyň 20,4 müň tonnadan gowragy öndürilipdir. Bu önümleri öndürmegiň ösüş depgini geçen ýylyň 10 aýy bilen deňeşdirilende degişlilikde 6,8 we 22,9 göterime deň bolupdyr. 

Şeýle ýokary netijeleriň gazanylmagy, kärhananyň häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilmegi bilen birlikde, işgärleriň öndürijilikli zähmet çekmekleri we kadaly dynç almaklary üçin döredilýän oňaýly şertleriň netijeleridir.