Ï Türkmen wekiliýeti hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşýar

view-icon 888
Türkmen wekiliýeti hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti 14-16-njy noýabr aralygynda HHR-iň paýtagty Pekinde geçirilýän hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşýar.

Hytaý dilini ösdürmäge, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge bagyşlanylan bu iri halkara wakalaryň biri döwletleriň 51-sinden 61 sany ýaş sinologlar bilen birlikde 160-dan gowrak ýurtdan we sebitlerden 2000-e golaý wekili bir ýere jemledi.

Abraýly forumda Türkmenistana Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlygy müdirliginiň başlygy, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili mugallymy wekilçilik edýärler.

Maslahatyň maksatnamasyna umumy mejlisler, ugurdaş bölümçe mejlisleri we daşary ýurt dili hökmünde hytaý dilini okatmagyň döwrebap usullary, mugallym işgärlerini taýýarlamak we olary hünär taýdan ösdürmek, okatmagyň innowasion sanly platformalaryny hem-de emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen birlikde, giň gerimli meseleler boýunça maslahatlaşmalar girizildi.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde okuw-usulyýet serişdelerini täzelemek we bilim bermek işiniň hilini ýokarlandyrmak, Hytaýyň hem-de daşary ýurtlaryň uniwersitetleriniň arasynda akademiki alyşmalary ösdürmek, halkara dil maksatnamalarynyň we medeni hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky meseleler bilelikde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar üçin ýöriteleşdirilen sergi açylyp, onda bilim boýunça öňdebaryjy işläp taýýarlamalar: elektron okuw toplumlary, VR/AR-çözgütler, interaktiw serişdeler, şeýle hem emeli aň tehnologiýalaryna esaslanan platformalar giňden görkezilýär.

Maslahatyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Pekin halkara barlaglary uniwersitetiniň (Beijing International Studies University (BISU)) ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. 

Taraplar D.Azady adyndaky TMDDI bilen BISU-nyň arasynda ylym we bilim ulgamynda özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnamanyň esasynda üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda akademiki alyşmalar, hünär ýokarlandyryş okuwlary, dil maksatnamalaryny ösdürmek hem-de bilelikdäki ylmy we medeni çäreleri geçirmek bilen birlikde, gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy hytaý dili mugallymlaryny taýýarlamakda tejribe alyşmagyň, talyplaryň dil başarnyklaryny ýokarlandyrmagyň, emeli aňyň binýadynda sanly okuw platformalaryna we serişdelerine goşulmagyň, şeýle hem gysga möhletli hünär ýokarlandyryş okuwlaryny we tomusky mekdepleri guramagyň hasabyna hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi.

Taraplar hytaý dilini öwrenmek babatda täze başlangyçlary durmuşa geçirmäge hem-de Türkmenistanyň we HHR-iň arasyndaky bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Türkmen wekiliýetiniň hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşmagy milli bilimi has-da ösdürmek we HHR bilen ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Forum Hytaýyň esasy uniwersitetleri we ugurdaş merkezleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak we giňeltmek, hytaý dilini okatmagyň öňdebaryjy usulyýetleri hem-de häzirki zaman sanly bilim çözgütleri bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat eder.