16.06.2025
3847
Türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Sloweniýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň Döwlet sekretary Marko Ştusin bilen duşuşdy.
16.06.2025
6686
Öňümizdäki günlerde yssy howa dowam eder
Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa gullugynyň deslapky çaklamalaryna görä, 16-njy iýundan 23-nji iýuna çenli ýurdumyzda yssy howa dowam eder. Gündizlerine howanyň temperaturasy +40°C we ondan ýokary bolar.
16.06.2025
4280
Türkmen tennisçi gyzlar 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda Özbegistanyň toparyny utdular
Türkmenistanyň tennisçi gyzlary duşenbe güni Fergana şäherinde başlanan 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň (U12) arasynda geçirilýän tennis boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda Özbegistanyň toparyny taryhda birinji gezek utdular.
16.06.2025
2856
GDA-nyň Baş sekretary Aşgabatda geçýän küşt boýunça halkara ýaryşyna gatnaşýanlara gutlagyny iberdi
Aşgabatda Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň gatnaşmagynda küşt boýunça halkara ýaryşy başlandy.
16.06.2025
7186
Türkmenbaşy jins toplumy 30 ýyl bäri bazarda
«Turkmentextile Expo – 2025» halkara sergi-ýarmarkasynda hödürlenen Türkmenbaşy jins toplumynyň önümleri kärhananyň ýurduň dokma senagatynyň öňdebaryjylaryndan biri hökmünde derejesini ýene bir gezek tassyklady. Sergä gelenler täze önümler bilen tanşyp, türkmen jinsileriniň ýokary hiline göz ýetirdiler.
16.06.2025
5019
Kiçi binagärlik görnüşleriniň ulanylmagy Daşoguz şäheriniň gözelligini artdyrýar
Ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde bolşy ýaly, Daşoguz şäherinde hem soňky ýyllarda landşaft dizaýnyna aýratyn üns berilýär. Muňa käbir şäher çüwdürimleriniň täzelenen görnüşi we şäheriň esasy köçelerinde awtoulag ýollarynyň bölüniş zolaklary şaýatlyk edýär.
16.06.2025
6156
Türkmenabatda gije-gündiz işleýän «Onlaýn taksi» hyzmaty ýola goýuldy
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gije-gündiz işleýän taksi çagyrmak hyzmaty işe başlady. Bu başlangyjy «Lebap awtoulag» önümçülik birleşigi «Awtomobil Ulag Hyzmaty» AGPJ bilen bilelikde amala aşyrdy.
16.06.2025
4474
Balkanabatda mugallymçylyk festiwaly geçirildi
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde «Kämil mugallym – kämil nesil» diýen at bilen ajaýyp mugallymçylyk festiwaly uly üstünlik bilen geçdi.
16.06.2025
5144
Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlaryna ynsanperwerlik kömegini berýär
Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda häzirki wagtda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem beýleki raýatlaryň çykmagy üçin Türkmenistan tarapyndan öz çäginiň berilmegi boýunça tizden-tiz çäreler görülýär.
16.06.2025
5548
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 283 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.