Türkmenistanyň tennisçi gyzlary duşenbe güni Fergana şäherinde başlanan 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň (U12) arasynda geçirilýän tennis boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda Özbegistanyň toparyny taryhda birinji gezek utdular.
Özbegistanyň gyzlar ýygyndy topary köp ýyllaryň dowamynda türkmen tennisçileri üçin ýeňip bolmajak garşydaş hasaplanyp geldi. Bu toparlar dürli ýaşlar üçin geçirilen nähili ýaryşda duşuşan-da bolsa, hemişe özbek tennisçileri ýeňiş gazanýardy. Indi bolsa türkmen tennisi üçin bu gynançly däp bozuldy.
Ýekelikdäki ilkinji duşuşykda Sülgün Işangulyýewa garşydaşyna iki tapgyrda diňe iki döw bermek bilen, Odina Hakimowany 6:2, 6:0 hasabynda utdy. Ýekelikdäki ikinji duşuşykda Näzli Hudaýberdiýewa Milana Zaharowadan 5:7, 2:6 hasabynda asgyn geldi. Üçünji, aýgytly jübütleýin ýaryşda bolsa Sülgün Işangulyýewa we Sähra Garahanowa Laýlo Tuhtamişewany we Milana Zaharowany aňsatlyk bilen 6:3, 6:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Ildeşlerimiz öz topragynda oýnaýan we saýlaw ýaryşynyň öňbaşçylaryň biri bolan özbek tennisçilerini 2:1 hasabynda utmak bilen, Aziýa çempionatynyň, ýagny ATF 12U-nyň soňky tapgyrynyň toparlaýyn bäsleşigine çykmakçydygyny anyk yglan etdi.
Tennisçilerimiziň üçüsi-de bu ýaryşda gyzlar ýygyndy toparynyň kapitanynyň wezipesini ýerine ýetirýän Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynda türgenleşýär. Iki ýyl mundan ozal Aşgabatda geçirilen şunuň ýaly Merkezi Aziýa çempionatynda Süleýman Hudaýberdiýewden, Nazargeldi Amangeldiýewden we Aly Geldiýewden ybarat türkmen oglanlar topary hem ilkinji gezek Özbegistanyň ýygyndy toparyny geň galdyryjy 3:0 hasabynda utup, ATF 12U toparlaýyn ýaryşynyň final tapgyryna çykypdy.
Indiki tapgyrda türkmen tennisçi gyzlar birinji tapgyrda gyrgyzystanly garşydaşlaryndan 3:0 hasabynda üstün çykan gazagystanly deň-duşlary bilen duşuşar.