Aşgabatda Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň gatnaşmagynda küşt boýunça halkara ýaryşy başlandy. Bäsleşik Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» derejesine bagyşlanan çäreler maksatnamasynyň çäginde geçirilýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bäsleşige gatnaşýanlara we guramaçylara gutlagyny iberdi.
Onda: «Küşt diňe bir sport bolmak bilen çäklenmän, eýsem, pikir ýöretmek, tutanýerlilik we strategik garaýyş mekdebidir» diýilýär. «Bäsleşige gatnaşýanlaryň ýaşlygy bolsa oňa aýratyn ähmiýet berýär. Hut şunuň ýaly ýaryşlarda geljekki çempionlar we intellektual öňbaşçylary döreýärler» diýlip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.
GDA-nyň Baş sekretary Türkmenistanda sporty ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurdygyny aýratyn nygtady.
«Türkmenistanyň Prezidenti çuňňur hormatlanýan Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan uly göwrümli işleri netijesinde bu ýerde ýaşlaryň hem milli sportda hem-de küşt ýaly halkara intellektual bäsleşiklerde öz mümkinçiliklerini ýüze çykaryp bilmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Fiziki medeniýeti we sporty goldamak boýunça alnyp barylýan yzygiderli işler ýaş zehinler üçin täze mümkinçilikleri açýar we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge saldamly goşant goşýar» diýip, Sergeý Lebedew aýtdy.
GDA-nyň Hökümet Baştutanlary Geňeşiniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan eden Aşgabat şäherinde geçirilýän bu sport ýaryşynyň diňe bir küşt endikleriniň ösmegine däl, eýsem, GDA ýurtlarynyň we beýleki ýurtlaryň ýaş türgenleriniň arasyndaky dostlugy berkitmäge hem goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.