19.06.2026
2308
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzda saparda bolýan Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Foruma ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
19.06.2026
10007
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň karary bilen, Hojagulyýew Ýalkap Türkmenistanyň müftüsi wezipesinden boşadyldy.
19.06.2026
2963
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň din wekilleri we ýaşulular bilen bilelikde gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly obasyndaky Gurban ogly Welmyrat gonamçylygynda ýowar geçirildi.
19.06.2026
2771
Aşgabatda Türkmenistan–Malaýziýa energetika hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýöriteleşdirilen sergi 19–20-nji iýunda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýär.
19.06.2026
2291
Asyrlaryň jümmüşine uzaýan bagşyçylyk däpleri
Türkmenistanyň şu güni durmuşyň täze öwüşginlerini özünde jemlemek bilen birlikde, halkymyzyň baý we hakykatdan-da bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasyny aýawly saklamagy bilen tapawutlanýar.
19.06.2026
2530
Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi
18-nji iýunda Gökderede ýerleşýän «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa Gökdere jülgesinde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.
19.06.2026
2365
Günbatar sebitde galla oragy gyzgalaňly barýar
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sebitlerinde galla oragyny gysga möhletlerde guramaçylykly geçirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary zähmet depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.
19.06.2026
2227
Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň wekiliýeti Medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we döredijilik hem-de kreatiw industriýalaryny ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy
2026-njy ýylyň 17-19-njy iýunynda Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we döredijilik hem-de kreatiw industriýalaryny ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy.
19.06.2026
2641
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň 11-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 17–18-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçirilen Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça 2003-nji ýylyň Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň 11-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy.
19.06.2026
1362
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy tomus paslyny hakykatdan hem ýatdan çykmajak möwsüme öwürýär
Dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen Hazaryň kenaryndaky durmuş täze öwüşginlere beslendi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden dynç almak isleýänler we syýahatçylar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugraýar. Halkara ülňülerine laýyklykda gurlan bu şypahana kenarýaka dynç alyşy baradaky düşünjäni düýbünden üýtgedýär.