Ï «Hory öwreniş» atly okuw gollanmasy neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Hory öwreniş» atly okuw gollanmasy neşir edildi

view-icon 19
«Hory öwreniş» atly okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzyň ýörite sazçylyk mekdepleri üçin niýetlenen «Hory öwreniş» atly täze okuw gollanmasy neşir edildi.

Neşir awtor B.Berdiýew tarapyndan taýýarlanyldy. Okuw gollanmasynyň esasy maksady okuwçylara hor sungaty, onuň gelip çykyşy we taryhy ösüşi, horuň görnüşleri we düzümi, ýerine ýetirijilik usullary, ansambl we wokal-hor aýratynlyklary barada ulgamlaýyn düşünje bermek, şeýle hem esasy hünär adalgalary bilen tanyşdyrmakdan ybarat.

Neşirde hor eserlerini derňemek, şeýle hem hor toparlary bilen işlemek usulyýeti bilen bagly meseleler hem beýan edilýär. Onda hor işiniň amaly taraplaryna aýratyn üns berilýär. Hususan-da, çagalar horlary bilen işlemek, hor ýolbaşçysynyň guramaçylyk işleri bilen bagly meseleler, hünär taýynlygy, owaz maşklaryny geçirmek hem-de ýörite sazçylyk mekdepleriniň hor toparlary üçin repertuar meselelerine seredilýär.

Täze okuw gollanmasy ýörite sazçylyk mekdepleriniň okuwçylary we mugallymlary, şeýle hem hor sungatynyň taryhy we ösüşi bilen gyzyklanýan ähli okyjylar üçin peýdaly okuw-usuly gollanma bolar.