Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirokuň diplomatik wezipesiniň tamamlanmagy mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi.
Dabaraly çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkiýäniň diplomatik wekilhanasynyň köp sanly hyzmatdaşlary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda çykyş eden diplomat türkmen tarapyna ýurtda işlän döwrüniň dowamynda bildirilen mähirli myhmansöýerlik we hemmetaraplaýyn goldaw üçin çuňňur hoşallygyny bildirdi. Ilçi iki döwletiň arasyndaky ruhy we medeni ýakynlygyň aýratyn ähmiýetini nygtady.
«Her bir diplomatik sapar öz yzyny galdyrýar, emma Türkmenistan meniň üçin aýratyn ýurt boldy. Paýtagtlarymyzyň geografik taýdan uzak ýerleşýändigine garamazdan, men hemişe Türkiýe bilen Türkmenistanyň ruhy taýdan köp babatda dogandyklaryny duýdum. Biziň umumy taryhymyz, dilimiz, däp-dessurlarymyz we gymmatlyklarymyz diplomatik gatnaşyklaryň çäklerinden has uzaklara uzalýan baglanyşygy emele getirýär» diýip, Ahmet Demirok belledi.
Türkiýäniň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy soňky ýyllarda ikitaraplaýyn dialogyň çalt depginlerde ösdürilendigine hem ünsi çekdi. Bu hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny öz içine alýar. Şolaryň hatarynda, ykdysady hyzmatdaşlyk we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, medeni-ynsanperwer alyşmalar we bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, halk diplomatiýasy, şeýle hem iki ýurduň raýatlarynyň arasynda şahsy gatnaşyklaryň giňeldilmegi bar.
Diplomatyň belleýşi ýaly, Aşgabatdaky diplomatik işi ähli garaşylýanlardan has ýokary boldy. Iki halkyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga şahsy goşant goşmak mümkinçiligi bolsa onuň üçin uly hormat boldy.
Çykyşynyň ahyrynda Ahmet Demirok:
– Pursatdan peýdalanyp, Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga berýän goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallygymy bildirmek isleýärin – diýip, hoşallygyny beýan etdi.