04.06.2026
1605
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 1–5-nji iýuny aralygynda Wenada geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça komissiýasynyň (CCPCJ) 35-nji mejlisiniň işine gatnaşýar.
04.06.2026
2748
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň 2026-njy ýylyň maý aýyndaky sany okyjylara ýetirildi.
04.06.2026
1764
«Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Ol Aşgabada iş sapary bilen Amerikanyň kompaniýalaryndan düzülen wekiliýetiň ýolbaşçysy hökmünde geldi.
04.06.2026
1674
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili bilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapachenko hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekili Narine Saakyan bilen duşuşyk geçirdi.
04.06.2026
625
Termez gepleşigi: geljege giň garaýyş
Şu günler Daşkentde Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar boýunça «Parahatçylyk, arabaglanyşyk, durnuklylyk: umumy abadançylygyň binýadyny döretmek» atly Termez gepleşiginiň ikinji mejlisi geçýär.
04.06.2026
1346
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped gününi bellemegiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we edaralary bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) arasynda resminalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy geçirildi.
04.06.2026
1405
Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi
«Daşkent suwaryş we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak inženerleri instituty» Milli ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan medeni-tanyşdyryş çäresi geçirildi.
04.06.2026
2548
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasyna gatnaşdy
Ženewada geçirilýän Halkara Zähmet Maslahatynyň 114-nji sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapow hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa çykyş etdiler.
04.06.2026
1133
Brýusselde Belgiýanyň Daşary işler ministriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň Ilçileri bilen duşuşygy geçirildi
Brýussel şäherindäki Egmont köşgünde Belgiýa Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Maksim Prewonyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Mongoliýanyň Ilçileri bilen iş ertirligi geçirildi.
04.06.2026
2522
«Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.