Ï Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 156
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Türkiýäniň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetiniň rektory, professor, doktor Rahmi Eriň arasynda geçirilen duşuşykda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga dostlukly iki ýurduň bilim we awiasiýa ulgamlarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Taraplar bilim we ylym ulgamlarynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem awiasiýa pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Professor, doktor Rahmi Er uniwersitetiň alyp barýan işi hem-de türkmen uçarmanlaryny taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk barada giňişleýin maglumat berdi.

Gepleşikleriň dowamynda raýat awiasiýasy, uçuş howpsuzlygy, awiasiýa tehnologiýalary, logistika, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ugurlarynda bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meselelerine garaldy. Şeýle hem talyplar we professor-mugallymlar düzüminiň ylmy alyş-çalşyny guramak, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny işläp taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň degişli bilim edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge hem-de özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.