2026-njy ýylyň 19-njy iýulynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherindäki BEXCO sergiler we maslahatlar merkezinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisi resmi taýdan açyldy.
Her ýyl geçirilýän bu mejlis Koreýa Respublikasynda, ýurduň 1988-nji ýylda Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakynda Konwensiýa goşulaly bäri, ilkinji gezek geçirilýär. Mejlise Konwensiýa agza bolan 196 döwletiň 3000-den gowrak wekili we halkara bilermenleri gatnaşýar. Mejlisiň işi 29-njy iýula çenli dowam eder.
Türkmenistana bu mejlisde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa hem-de Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew wekilçilik edýär.
Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň baş direktory Haled Al-Anani we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon çykyş etdiler.
Çykyşlarda Bütindünýä mirasynyň adamzadyň umumy siwilizasiýa gymmatlygy hökmünde ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem mirasy gorap saklamagyň howanyň üýtgemegi, şäherler bilen oba ýerleriniň arasyndaky deňsizlik hem-de sebitleriň deň derejede ösmezligi ýaly ählumumy meseleleri çözmek üçin bilelikdäki tagallalary talap edýändigi bellenildi.
Bütindünýä mirasy komiteti Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýanyň iki ýolbaşçy edarasynyň biridir. Onuň düzümine Konwensiýa agza 196 döwletiň arasyndan saýlanan 21 döwletiň wekilleri girýär.
Häzirki mejlisiň dowamynda komitet hereket edýän miras desgalarynyň gorag ýagdaýyna, Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy teklip edilýän 33 täze desga hem-de ozal bu sanawa girizilen 147 desganyň gorap saklanyş meýilnamalaryna sereder.
48-nji mejlisiň jemleri boýunça ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň strategik maksatlaryny kesgitleýän Pusan Jarnamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär.