Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 90

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderine doglan güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirdi.

Özbegistanyň Prezidenti mähirli gutlaglary, hoşniýetli arzuwlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän aýratyn ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, häzirki wagtda iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklara, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

«Şeýle şanly günde üstünlikler, gowy netijeler, asylly başlangyçlar we meýilnamalar barada gürrüň edilýär. Bularyň hemmesi Sizde bar» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň her gün öz netijelerini berýändigini, özbek jemgyýetiniň we her bir raýatynyň durmuşyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýandygyny, özbek halkynyň ägirt uly ruhy-medeni we maddy kuwwatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýändigini belledi.