2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Resminamanyň awtordaşlary hökmünde 78 döwlet çykyş etdi, bu bolsa başlangyjyň giň halkara goldawyna eýedigini görkezýär.
Kararnamanyň taslamasy hödürlenilende türkmen tarapy çuňňur ählumumy özgertmeleriň häzirki şertlerinde halkara hukugyna hormaty pugtalandyrmagyň halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegiň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, şeýle hem netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.
Agzalan Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara hukugynyň hökmürowanlygyny ilerletmek, parahatçylyk medeniýetini, ynanyşmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde konstruktiw köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barýan yzygiderli işleriniň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.