09.07.2026
3505
2026-njy ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Geçen aýda guralan köp sanly gepleşikler, syýasy geňeşmeler, forumlar, işewürlik duşuşyklary, hökümetara toparlaryň mejlisleri we beýleki halkara derejeli çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky beýany boldy.
09.07.2026
3609
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň senatory bilen duşuşygy barada
2026-njy ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi.
09.07.2026
4456
Türkmen hünärmenleri «C5+O.N.E.» maksatnamasynyň çäklerinde ykdysady iňlis dilini kämilleşdirýärler
Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär.
09.07.2026
6707
Hytaýdaky «altyn» ýeňiş we Mongoliýadaky «bürünç» üstünlik: Maýsa Pardaýewanyň taryhy sepgidi
Türkmenistanyň zenan dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa Halkara dzýudo federasiýasynyň iň abraýly iki ýaryşynda hem medal gazanyp, ajaýyp üstünlik görkezdi. Lebap welaýatynyň göreş mekdebiniň 21 ýaşly türgeni, ilki bilen, Mongoliýada geçirilen «Ulaanbaatar Grand Slam 2026» ýaryşynda bürünç medala eýe boldy, onuň yz ýanyndan bolsa Hytaýda guralan «Qingdao Grand Prix 2026» ýaryşynda ähli garşydaşlaryny ýeňip, altyn medaly gazanmagy başardy.
09.07.2026
4724
Türkmen talyplary Florensiýanyň Kent uniwersitetinde hünär derejelerini kämilleşdirýärler
Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Italiýanyň Florensiýa şäherindäki Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynda tomusky okuw tejribeligini geçýärler.
09.07.2026
5537
Sergä barmak wagtyňy peýdaly we gyzykly geçirmekdir
Ýakynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sungat galereýasynda täze sergi açyldy.
09.07.2026
3045
Türkmenistan bilen Azerbaýjan energetika we ulag-üstaşyr pudaklarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň geografik taýdan amatly ýerleşişini netijeli ulanmak strategik ähmiýetli pudaklarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň duşuşygynda nygtaldy.
09.07.2026
2631
Elektrik energetikasy we ulag ulgamy hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň mejlisiniň gün tertibine girizildi
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Duşuşygyň esasy üns merkezinde elektrik energetikasy hem-de ulag-logistika ugurlarynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boldy.
09.07.2026
2966
Şalynyň bol hasyly ugrunda
Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, öz topragymyzda öndürilýän ekologik taýdan arassa oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak ugrunda işler guramaçylykly alnyp barylýar. Welaýatda ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň milli baýlyklarynyň biri bolan pagtanyň, esasy azyklyk ekini bugdaýyň ýokary hasyly bilen birlikde beýleki oba hojalyk ekinleriniň hem bol önümi alynýar.
09.07.2026
2916
Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Argentina Respublikasynyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň ähli halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.