Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi.
Mikail Jabbarow mähirli kabul edilendigi hem-de azerbaýjan wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Azerbaýjanda Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de myhman döwletara gatnaşyklary ilerletmekde ýokary derejedäki yzygiderli dialogyň ornuny belläp, hormatly Prezidentimiziň ýakynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň azerbaýjan-türkmen hyzmatdaşlygynda täze sahypany açandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Azerbaýjanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga möhüm goşant boljakdygyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu mejlisiň ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Azerbaýjan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzy hem-de halklarymyzy özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça üstünlikli ösdürilýär. Syýasy dialog yzygiderli pugtalandyrylýar, söwda-ykdysady gatnaşyklar giňeldilýär, bilelikdäki giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär.
Duşuşykda şu ýyl ýurdumyzda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygy aýdyldy. Bu sammitiň Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän döwründe geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm tapgyr bolandygyna, onuň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda täze mümkinçilikleri açandygyna üns çekildi.
Söhbetdeşler ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde hökümetara toparyň wajyp ornuny bellediler. Bu topar söwda, logistika, ylym, tehnika ulgamlarynda hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýän utgaşdyryjy gural bolup çykyş edýär. Şeýle hem iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşişini netijeli ulanmagyň möhümdigine üns çekildi. Munuň özi energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, logistika ugurlaryny kämilleşdirmek, halkara ähmiýetli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda özara hereketleri mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Munuň özi halklarymyzyň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow däp bolan dostlukly türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.